Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda üç söweşiji öldürildi


Şenbe güni Pakistanyň polisiýa resmileri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Hyber Paktunkwa welaýatyndaky çaknyşykda üç sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigini habar berdiler.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu wakada polisiýa işgärleriniň münüp barýan ulagyna näbelli ýaragly söweşijiler granat zyňyp, hüjüm edipdirler. Bu hüjümde polisiýa işgärlerinden hem biriniň ölüp, ýene ikisiniň ýaralanandygy habar berilýär.

Polisiýanyň ulagyna garşy amala aşyrylan bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr. Ýöne polisiýa bu wakada ýerli talybanlara tarapdar ekstremistik söweşijilere güman bildirýär.
XS
SM
MD
LG