Sepleriň elýeterliligi

logo-print

NATO: Owganystanda galjak harbylar barada anyklyk ýok


Şenbe güni NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen 2014-nji ýyldan soň Owganystanda näçe derejede ýerli we daşary ýurt harby güýçleriniň bolmalydygy barada anyk karara gelinmändigini aýtdy.

Ol bu barada NATO girýän ýurtlaryň goranmak ministrlerinin Brýusselde geçiren iki günlük maslahatynyň yzýany žurnalistlere beren interwýusynda mälim etdi. Ol Owganystanyň öz harby we howpsuzlyk güýçleriniň sanynyň hem-de hiliniň kem-kem ýokarlanýandygyny belledi.

Emma jenap Rasmussen 2014-nji ýyldan soň NATO-nyň harbylarynyň belli bir böleginiň ýerli owgan güýçlerine tälim bermek maksady bilen galjakdygyny aýtsa-da, olaryň sanynyň näçe boljakdygy barada welin anyk san getirmedi.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamentiniň metbugat sekretary NATO-nyň maslahatynda 2014-nji ýyldan soň Owganystanda 8 müň bilen 12 müň töweregi harbyny saklamak barada gürrüň edilendigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG