Sepleriň elýeterliligi

Eýran harby türgenleşik geçirýär


Şenbe güni Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasy ýurduň günorta sebitinde giň gerimde harby türgenleşik geçirmäge başlady. Eýranyň döwlet mediasy üç gün dowam etjek bu harby türgenleşige gury ýer we howa güýçleriniň gatnaşýandygyny habar berýär.

Eýranyň döwlet telewideniýesi bu harby türgenleşigiň maksadynyň Rewolýusion Gwardiýanyň söweş taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny aýdýar.

Eýran öz ýadro programmasy bilen baglanyşykly halkara basyşlarynyň artmagy bilen, soňky ýyllar özüniň harby türgenleşiklerini has ýygjamlaşdyrdy.

Soňky wagtlar Ysraýylyň resmileri Tähranyň ýadro ýaragyny ýasamak çäreleriniň öňüni almak maksady bilen Eýranyň käbir nokatlaryna garşy harby hüjümleriň geçirilmeginiň mümkindigini duýdurdylar.
XS
SM
MD
LG