Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda şu ýyl 3 million nahal oturdylmaly


Aşgabat şäheriniň eteginde ekilen täze agaç nahallaryndan bir bölegi. Aşgabat, aprel, 2012.

Aşgabat şäheriniň eteginde ekilen täze agaç nahallaryndan bir bölegi. Aşgabat, aprel, 2012.

Anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow birnäçe karara gol çekdi. Bu kararlardan biri Türkmenistanyň welaýatlarynda 3 million sany ýaş nahal oturtmak bilen baglanyşykly boldy.

Türkmen telewideniýesi bu karary “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak” maksady bilen kabul edilen karar hökmünde häsiýetlendirdi.

Şeýle-de, prezidentiň gol çeken bu kararynda onuň “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran 12768-nji kararyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen” kabul edilendigi aýdylýar.

Bu karar esasynda degişli ministrlikler, pudaklaýyn edaralar hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi 2013-nji ýylda Änew we Baharly şäherleriniň aralygynda 1.5 million düýp saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahalyny oturtmaklyga borçlandyrylýar.

Mundan daşary, bu karar esasynda ýurduň ähli beýleki welaýatlaryna-da 2013-nji ýylda jemi 1.5 million düýp saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahalyny oturtmaklyk tabşyrylýar.

Resmi maglumata görä, Türkmenistanyň degişli ministrliklerine, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ekilen baglaryň we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmeklik tabşyrylypdyr.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi ýurduň ministrliklerini, pudak edaralaryny, welaýatlaryny we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmäge, şeýle-de olaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmäge borçly edilipdir.

Köne kampaniýanyň dowamy

Paýtagt Aşgabadyň eteklerini we welaýatlary baglaşdyrmak kampaniýasy Türkmenistanyň ozalky lideri Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda ýörite “Gök guşak” ady bilen başlanypdy. Nyýazowyň ölüminden soň bu çäreler ýurduň täze prezidenti tarapyndan hem belli bir derejede dowam etdirildi.

Geçen ýyl prezident G.Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen ýurduň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguz welaýatyndaky Sarygamyş kölüniň töwereklerini baglaşdyrmak barada-da çäreler ýola goýuldy. Bu region Aral deňziniň guramagy bilen, şorlaşmak we çölleşmek problemasynyň gönüden-göni täsir eden regionlarynyň hataryna girýär.

Emma, beýleki tarapdan, köp synçylar ýurduň regionlaryny baglaşdyrmak boýunça hatda Saparmyrat Nyýazowyň döwründe ýola goýlan çäreleriň-de garaşylýan netijeleri bermändigini aýdýarlar.

Synçylar baýyrlyklarda we transport ýollarynyň gyralarynda baglaryň ösmegi üçin zerur bolan şertleriň göz öňünde tutulmaýandygy hem-de olara talabalaýyk idegiň edilmeýändigi sebäpli millionlarça nahallardan diňe örän az böleginiň diri galýandygyny belleýärler.

Köp ýerli ýaşaýjylar soňky ýyllar Aşgabadyň eteklerinde we welaýatlaryň aralygyndaky transport ýollarynyň gyralarynda ekilen köp agaç nahallarynyň ýagdaýynyň-da hut şeýle bolandygyny aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG