Sepleriň elýeterliligi

Jon Kerri dokuz ýurda sapar etmekçi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Döwlet Departamentinde öz wezipesine kasam edişlik dabarasynda çykyş edýär. Waşington, 6-njy fewral, 2013.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Döwlet Departamentinde öz wezipesine kasam edişlik dabarasynda çykyş edýär. Waşington, 6-njy fewral, 2013.

Birleşen Ştatlaryň täze saýlanan Döwlet sekretary Jon Kerri ýekşenbe güni Günbatar Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň dokuzysyna sapar etmek üçin ýola düşdi.

Munuň özi onuň üç hepde mundan ozal bu wezipä saýlanaly bäri daşary ýurda edýän ilkinji resmi saparydyr.

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland jenap Kerriniň bu saparyny “diňlemek sapary” diýip atlandyrdy.

Şeýle hem, ol munuň ABŞ-nyň ýakyn ýaranlary bilen özara hyzmatdaşlyklaryny we möhüm global meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikdigini belledi.

Wiktoriýa Nuland Jon Kerriniň bu saparynyň dowamynda geçirjek gepleşiklerinde, esasan, “täze we gowşak demokratik gurluşlar bilen baglanyşykly kynçylyklar, şeýle hem käbir arap rewolýusiýalarynyň netijelerinden ekstremistik güýçleriň öz bähbitleri üçin peýdalanjak bolmaklary” ýaly meseleleriň üns merkezinde boljakdygyny aýtdy.

Siriýa üns merkezinde bolar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri öz saparynyň başynda Londona, Pariže, Stambula we Rime sapar eder. Rimde ol Siriýanyň oppozisiýasyny goldaýjy ýurtlaryň maslahatyna-da gatnaşar.

Bu maslahatda graždanlyk urşunyň weýrançylygyny başdan geçirýän Siriýadaky syýasy geçiş prosesi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýlip garaşylýar.

Jon Kerri bu maslahatyň çäklerinde Siriýanyň Oppozisiýa Geňeşiniň agzalary bilen özara gepleşik geçirmekligi-de planlaşdyrýar.

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat sekretary hanym Nuland bu gepleşiklerde Jon Kerriniň Siriýanyň oppozisiýa wekilleriniň Birleşen Ştatlardan nämelere garaşýandyklaryny eşitmek isleýändigini aýtdy.

Emma, şol bir wagtyň özünde, anna güni Siriýanyň esasy oppozision guramasy bolan Milli Koalisiýa Rimde geçiriljek konferensiýa öz wekilleriniň gatnaşmajakdygyny yglan etdi.

Siriýanyň oppozisiýasy muny prezident Başar al-Assadyň hökümet güýçleriniň weýrançylykly we zorlukly hüjümleriniň öňüni almakda halkara jemgyýetçiliginiň talabalaýyk çäreleri görmeýändigine protest hökmünde häsiýetlendirdi.

Orsýet we Ýakyn Gündogar

Rimdäki maslahata Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasynyň wekilleriniň gatnaşyp-gatnaşmajakdygy henizem belli bolman galýar.

Jon Kerri Berline etjek saparynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen-de duşuşmaklygy planlaşdyrýar. ABŞ-nyň Döwlet Departamenti bu duşuşykda giň meseleleriň, şol sanda Demirgazyk Koreýa, Siriýa we Eýran bilen baglanyşykly meseleleriň-de ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdýar.

Müsüre etjek saparynda Jon Kerri Müsüriň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyp, bu ýurtdaky syýasy barlyşyk we ykdysady reformalar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Saparynyň soňky böleginde Jon Kerri Saud Arabystanyna sapar edip, ondan soň özüniň uzak sapyryny 6-njy martda Katarda jemlär diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG