Sepleriň elýeterliligi

Kerri daşary ýurtlara sapara ugrady


Birleşen Ştatlaryň täze saýlanan Döwlet sekretary Jon Kerri ýekşenbe güni Günbatar Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň dokuzysyna sapar etmek üçin ýola düşdi. Munuň özi onuň üç hepde mundan ozal bu wezipä saýlanaly bäri daşary ýurda edýän ilkinji resmi saparydyr.

Jon Kerri öz saparynyň başynda Londona, Pariže, Stambula we Rime sapar eder. Rimde ol Siriýanyň oppozisiýasyny goldaýjy ýurtlaryň maslahatyna-da gatnaşar. Jon Kerri bu maslahatyň çäklerinde Siriýanyň Oppozisiýa Geňeşiniň agzalary bilen özara gepleşik geçirmekligi-de planlaşdyrýar.

Berline etjek saparynda ol Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen-de duşuşar. ABŞ-nyň Döwlet Departamenti bu duşuşykda giň meseleleriň, şol sanda Demirgazyk Koreýa, Siriýa we Eýran bilen baglanyşykly meseleleriň-de ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdýar.

Müsüre etjek saparynda Jon Kerri Müsüriň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyp, bu ýurtdaky syýasy barlyşyk we ykdysady reformalar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşar.
XS
SM
MD
LG