Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýada uly protestler geçýär


Ýekşenbe güni Bolgariýanyň dürli şäherlerinde on müňlerçe adam ykdysady kynçylyklara protest bildirip, demonstrasiýa geçirýär.

Hususan-da, demonstrasiýaçylar Bolgariýanyň hökümetiniň býujet çykdajylaryny çäklendirmek syýasatyna garşy protest bildirýärler.

Geçen hepde şular ýaly köpçülikleýin protest çykyşlarynyň netijesinde premýer-ministr Boýko Borisow we onuň hökümeti tutuşlygyna işden çekilýändigini yglan etdi.

Ýekşenbe güni Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada 10 müňden gowrak adam, Warna şäherinde bolsa 30 müň töweregi adam demonstrasiýa çykdy. Şeýle demonstrasiýalar ýurduň Plowdiw we Dobrih şäherlerinde-de gurnaldy.

Bolgariýanyň prezidenti Rosen Plewneliýew Sofiýada protestçileriň öňünde eden çykyşynda täze hökümet düzülende olaryň talaplarynyň göz öňünde tutuljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG