Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda partlama boldy


Ýekşenbe güni Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň paýtagty Jalalabadda janyndan geçen bir hüjümçi Milli howpsuzlyk uprawleniýesiniň binasynyň öňünde partlama amala aşyrdy.

Wakada janyndan geçen bir hüjümçi içine bomba ýerleşdirilen maşyny howpsuzlyk edarasynyň howlusynyň derwezesine süsdürip, partladypdyr.

Ýerli resmiler bu partlamada howpsuzlyk edarasynyň iki sany goragçysynyň ölüp, ýene üç adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar. Partlamada bu edaranyň binasyna-da belli bir derejede zyýan ýetendigi habar berilýär.

Bu wakanyň yzy bilen talybanlaryň sözçüsi bu partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýradypdyr.
XS
SM
MD
LG