Sepleriň elýeterliligi

Bangladeşde protestler dowam edýär


Bangladeşiň paýtagty Dhakada protestçiler indi üçülenji gün demonstrasiýa geçirmeklerini dowam etdirýärler. Ýekşenbe güni hem olar nobatdaky gezek polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar.

Protestçiler yslam dinine we Muhammet pygambere “dil ýetirijiler” diýlip hasaplanylýan bloggerlere ölüm jezasynyň berilmegini talap edýärler.

Dindar studentlerden we oppozision partiýanyň tarapdarlaryndan ybarat 3 müň töweregi protestçi ýekşenbe güni Bangladeşiň paýtagyndaky esasy transport ýolunyň ugruny bagladylar we polisiýa işgärlerine garşy taýaklardyr daşlar bilen garşylyk görkezdiler. Bu wakada azyndan 40 töweregi adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Geçen hepde gahar-gazaba münen protestçileriň bir topary yslam dini bilen baglanyşykly tankydy blog ýazan blogçylardan biri Rajib Haýderi öz öýüniň ýanynda urup öldürdiler.
XS
SM
MD
LG