Sepleriň elýeterliligi

Biziň durmuşymyzy gurşaýan himiýa


Biziň bedenimizi hereketde saklaýan – her bir öýjükde bolýan madda çalşygy, pikirlendirýän, onuň reaksiýa görkezmegini üpjün edýän – ähli zatlar himiki proseslere daýanýar.

Biziň bedenimizi hereketde saklaýan – her bir öýjükde bolýan madda çalşygy, pikirlendirýän, onuň reaksiýa görkezmegini üpjün edýän – ähli zatlar himiki proseslere daýanýar.

865-nji ýylda Eýranyň Reý şäherinde doglup, 925-nji ýylda şol ýerde aradan çykan ensiklopedik bilimli akyldar Abu Bekir Muhammet ibn Zakariýa Al-Razy ýaşlygyny şygryýet we sazandalyk bilen geçirip, soňra zergärçilik, ondan soň hem alhimiýa bilen meşgullanypdyr.

Beýleki alhimikleriň edişi ýaly, ol hem misi altyna öwürýändigi aýdylýan hyýaly “kimiýa” daşyny tapmagyň kül-külüne düşüp, himiki maddalar bilen köp tejribeler geçiripdir.

Bu tejribeleriň birinde alymyň gözüne zeper ýetip, iň soňunda kör bolupdyr. Gözüni bejertmek üçin ol Bagdatda bir lukmana barypdyr. Lukman ondan bu işiň nähililik bilen bolandygyny sorapdyr. Al-Razy kimiýaly wakany gürrüň berende, onuň gözüne em edip bolmajakdygyny aňan lukman “kimiýa seniň gözleýäniň däl, ýitireniň” diýipdir.

Bular ýaly wakalaryň bu günki himikleriň başyna geljek gümany ýok. Altyny başga maddalardan öňdürmegiň iş ýüzünde mümkin däldigini alymlar indi bilýärler. Sebäbi, bu gymmatbaha metal bir himiki element. Ony öz düzüji böleklerine bölüp ýa başga maddalardan düzüp bolanok.

Soňkulara itergi boldy

Al-Razy ýaly alhimikler altyn öndürmäge synanyşmak bilen, salgyma çapypdyrlar. Ýöne olaryň özgerýän maddalar bilen meşgullanmagy soňraky himikleriň ylmy gözleglerine möhüm itergi bolupdyr. Sebäbi himiýa materiýanyň häsiýetleri we özgerişleri baradaky ylymdan başga zat däl.

Himiýa biziň töweregimizden hiç haçan aýrylyp gidenok. Çaýly käsä şeker atamyzda, ak kristallaryň eräp, duýdansyz ýagdaýda gürüm-jürüm bolmagy bir himiki proses. Gazanda gaýnaýan naharyň ýa tamdyrda bişip, çörege öwrülýän hamyryň içinde ençeme himiki reaksiýalar bolup geçýär.

Özgerişleriň has pajygalysy bolsa haýsydyr bir tokaýa ot düşende bolýar. Agaçlar, ýapraklar, otlar, tokaýda ýaşýan ähli jandarlar tüssä we gaza öwrülip, asmana sowrulýarlar, onsoň ýaşyl tokaýyň ýerinde gara kömür bilen tozap ýatan kül galýar.

Güýçli tebigy hadysa wulkanda hem jisimler täsin özgerişi başdan geçirýärler. Ýeriň jümmüşinden howa atylýan gyzgyn, ergin magma we zäherli gazlar täze ýollar bilen birleşip, kül bölejiklerine, lawa ýa pemza daşyna öwrülýärler.

Himiýa köp adamlary eýmendirip, köp adamlary özünden çekindirýän ylym. Muňa garamazdan, ol biziň bir gapdalymyzda, durmuşymyzyň her bir böleginde hemişe bar. Oňa düşünen adam hem töweregine, tebigatda bolup geçýän hadysalara başga göz bilen garaýar.

Üýtgeme prosesi bolmasa, töweregimizde görýän zatlarymyzyň hiç biri bolmazdy. Üstünde oturýan oturgyjymyz, elimizdäki galam-kagyz, egnimizdäki egin-eşik himiki reaksiýalar arkaly täze materiallara öwrülen çig mallardan gelip çykan zatlar.

Bir äpet uçar agyr göwresini asmana göterýärmi, bir kosmos gämisi baryp Marsda gonýarmy ýa bir suwasty gämi ummanlaryň jümmüşinde ýüzýärmi, tapawudy ýok, bularyň hemmesinde himiýanyň goşandy bar.

Biziň bedenimizi hereketde saklaýan – her bir öýjükde bolýan madda çalşygy, her bir gormonyň gelip gana guýulmagy, bir muskulyň sähelçe sandyramagy, şeýle hem organizmi ösdürýän, pikirlendirýän, onuň reaksiýa görkezmegini üpjün edýän – ähli zatlar himiki proseslere daýanýar.

Täsin özgermeler

Her bir himiki reaksiýa, umuman, materiýanyň täsin ýagdaýda özgermegine getirýär. Edil bir gözbagçynyň edişi ýaly, garaşylmadyk zatlar bolýar. Käbir zatlar gürüm-jürüm bolup, ýokdan diýen ýaly, başga zatlar peýda bolýar. Reňkler üýtgeýär, temperaturalar ýokarlanýar ýa aşaklaýar, suwuk zat gatap, gaz suwuklyga ýa-da gaty zat gaza öwrülip bilýär.

Mysal üçin, ikisi-de reňksiz gaz bolan wodorod bilen kislorod birleşenlerinde, reňksiz suwuklyk – suw emele gelýär.

Gazlar gaty ýa suwuk elementler bilen hem birleşip bilýärler. Kislorod gaty uglerod bilen birleşse, göze görünmeýän gaz – uglerodyň dioksidi döreýär. Munuň tersine, kislorod gaty kremniý bilen reaksiýa girende bolsa, dünýäniň hemme ýerinde duşulýan çäge peýda bolýar.

Elementleriň özara goşulyşmak mümkinçilikleri çäksiz bolup görünýär. Bu goşulyşmalardan-da täze birleşmeler döreýär.

Kümüş ýaly ýalpyldawuk, aňsatlyk bilen ýanýan metal natrini eredip, üstüne açyk sary reňkli zäherli hlor gazyny guýsaň, sary şöhle bilen birlikde ak kristallardan durýan bütinleý täze we zyýansyzja birleşme – nahar duzy emele gelýär.

1669-njy ýylda üsti açylan ak fosfor ýokary derejede zäherli hem-de şeýle reaktiw bolsa-da, ol 50 gradusdan ýokary temperaturada öz-özünden ot alyp, howadaky kislorod bilen birleşýär. Ýöne fosfor bilen kislorodyň bu birikmesiniň mümkin bolan bir netijesi – fosfat – ýaşaýyş üçin aşa zerur madda. Ol her bir öýjükde bar. Oba hojalygynda hem dökün üçin ulanylýar.

Himiýa bu maddalara, olaryň özgerişlerine düşünmäge, has takygy maddy dünýämize göz ýetirmäge ýol açýar. Ol materiýanyň birleşmek, aýrylyşmak we üýtgemek, her gezekde-de täze häsiýetlere eýe bolmak ukyby baradaky ylym. Bu hadysanyň aňyrsynda ýatan syr bolsa – özgeriş prinisipi, atomlaryň üznüksiz täze maddalara birleşmgi.

Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG