Sepleriň elýeterliligi

Gorky damary


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly.

Adam bar ki – öküz süser, butnamaz,
Adam bar ki – ellemänkäň ýykylýa.
Biri gije barýa gorkudan titräp,
Başga biri mundan gorkup bukulýa.

Birgeňsi görünýä ynsan bedeni,
Käsi berkmiş, käsi çala mydarmyş.
Ähli beýik duýgulardan aýratyn
Gorkyňam özbaşdak damary barmyş.

Bar şekilli her öýüň öz tebibi,
Gorky damaryny owkalap, towlap,
Çuň ukuda gara basan görgüliň
Dadyna ýetişýän, halyny gowlap.

Haýsy gökden düşen bu mojuk duýgy,
Nireden gelýär ol, niçik şert bilen?
Guş ýürekliň ýakasyndan ýapyşýa,
Goşhaltasy hyryn-dykyn dert bilen.

Il içre gep ýöne ýere döräpmi:
“Gorkanyň gözüne goşa görünýä”.
Sähel çekinýäniň aňsa bu duýgy
Seň üstüňe baýar bolup sürünýä.

“Gorka-gorka üflis ýagdaýa düşdük” –
Pyragydan galan bolsa beýle söz,
“Gorky ede-ede ryswamyz çykdy” –
Diýp Seýdi zyndanda ýuman bolsa göz,

Läheňler bu dertden habarly bolsa,
Eýsem, bizden näme görüljekmiş geň?!
“Entek ir” sözünden bu biri gorkýa,
O biri aglaýa “Giç boldy” diýseň.

Owkalan tapylmaz gorky damaryň,
Demir bilezikden, dürreden gorksaň.
“Bas!” diýlip üstüňe küşgürlen itden,
Ertir eşek çykjak kürreden gorksaň.

Häkimýetden çekinmeli nämüçin,
Eger men Kanuny bozmaýan bolsam?
Nämüçin tumşugym göge tutmaly,
Wajyp meseleler çözmeýän bolsam?

Garaz, oýlanara zat kän ömürde,
“Ony eýtsem, muny beýtsem” diýersiň.
Bagtyň işläp, alçy gopsa aşygyň,
Gara kellä altyndan täç geýersiň.

Kä çyk kenaryna arzuw kölüniň,
Gereginden artyk ýüzmek zerurmy?
Güýç alýarkaň topragyndan Watanyň,
Aýagyňy ýerden üzmek zerurmy?

Seni hol ýokaryk göteren eller,
Öňkiňdenem aşak düşürip biler.
Gadym aýdym bilen gözlärsiň ýaran:
“Golaýyma sen gelmeseň kim geler?”

Hiç kim gelmez, güwä geçýän arkaýyn,
Haraý gözläp, boýun buranyň galar.
Ellik çalşyran deý emeldarlaryň
Ahmalyň araşyn göreniň galar.

Bizden kän öň aýdyp geçen danalar:
“Bu gün şa sen, erte geda bolarsen”.
Bagt guşun ürküzip, gedemlik etseň
Bir gün altyn täçden jyda bolarsen.

Eden kasamyňy unutmajak bol,
Gurhanyň üstüne penjäňi goýup.
Ýatla, senden öňem geçipdi biri –
Raýaty aç, özi gerk-gäbe doýup...

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG