Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda elektrik togy kesildi


Ýekşenbe güni giçlik Pakistanyň aglaba böleginde elektrik togy kesildi.

Berilýän maglumata görä, muňa ýurduň Baluçistan welaýatyndaky iň uly elektrik desgadaky näsazlyk sebäp bolupdyr.

Ýerli resmiler elektrik togunyň iki sagatdan soň, ýaňadandan berlip başlanylandygyny habar berýärler.

Pakistanyň belli-beli sebitlerinde elektrik togunyň kesilmegi adaty bir ýagdaý. Emma, ýurt derejesinde bu seýrek ýüze çykýar.
XS
SM
MD
LG