Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin çilimiň gadagançylygyna gol goýdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmekligi gadagan edýän kanuna gol çekdi.

Şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap jemgyýetçilik transportunda, wokzallarda, awtobus duralgalarynda, jemgyýetçilik binalarynda dagy çilim çekmeklik bikanun bolar.

2014-nji ýylyň iýunyndan başlap bolsa, bu sanawa gämiler, uzak aralyga gatnaýan otlylar, myhmanhanalar, kafeler we restoranlar hem giriziler.

Täze kanuna görä temmäki serişdelerini mahabatlandyrmak hem gadagan edilýär.

Çilim çekmek derejesi boýunça Orsýet iň öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup, orsýetlileriň 40%-den gowragy dowamly temmäki serişdelerini ulanýar.
XS
SM
MD
LG