Sepleriň elýeterliligi

Muallem: Damask dialoga taýýar


Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Muallem çykyş edip, Damaskyň gozgalaňçylar, şol sanda režimi agdarmak isleýän ýaragly söweşijiler bilen hem dialoga taýýardygyny aýdýar.

Duşenbe güni Moskwada eden çykyşynda Muallem Siriýada 28 döwletden, şol sanda Demirgazyk Kawkazdan gelen söweşijileriň hem uruşýandygyny aýtdy.

Muallem bilen geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem çykyş edip, ol Siriýadaky krizisiň syýasy ýollar arkaly çözülmelidigini nygtady.

Orsýet Siriýanyň esasy oppozisiýa koalisiýasynyň başlygy Moaz al-Khatibi hem Moskwa gepleşiklere çagyrypdy.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Siriýada 2011-nji ýylyň martynda başlanan konfliktde 70 müňe golaý adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG