Sepleriň elýeterliligi

Kerri Londonda gepleşikleri geçirýär


Birleşen Ştatlaryň täze saýlanan Döwlet sekretary Jon Kerri Günbatar Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna edýän saparynyň çäginde, duşenbe güni Londona bardy.

Kerriniň Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron we daşary işler ministri William Heýg bilen hem gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Gepleşikleriň dowamynda ABŞ-ÝB gatnaşyklary, Siriýa, Eýran we Demirgazyk Koreýa meselelerine hem serediljekdigi aýdylýar.

Londondan soň Kerri Berlina barar.

Rime etjek saparynyň dowamynda Kerri Siriýanyň oppozisiýasyny goldaýjy ýurtlaryň maslahatyna-da gatnaşar.

Bu maslahatda graždanlyk urşunyň weýrançylygyny başdan geçirýän Siriýadaky syýasy geçiş prosesi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG