Sepleriň elýeterliligi

Kastro wezipeden çekiljekdigini aýdýar


Kubanyň lideri Raul Kastro 2018-nji ýylda ikinji prezidentlik möhletiniň tamamlanmagy bilen, özüniň häkimiýetden çekiljekdigini mälim etdi.

Ýekşenbe güni Kubanyň Milli assambleýasy Kastrony ikinji möhlete prezident saýlapdy. Ýurduň parlamenti wise-prezident hökmünde 52 ýaşly Miguel Diaz-Kaneli belledi.

81 ýaşly Raul Kastro ýurduň häkimiýetlerine ençeme gezek ýüzlenip, ýurt baştutanynyň iki möhletden artyk oturmaly däldigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG