Sepleriň elýeterliligi

Türkmen bagçylygynyň üstün we asgyn taraplary


Aşgabatda ekilen ýaş baglar.

Aşgabatda ekilen ýaş baglar.

Şahyr Gara Seýitliýewiň bir goşgusynda yzynda ýadygärlik galjak bir agaç eken her bir adamyň dünýä kitabyna adynyň girjegi aýdylýardy.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda bag ekmeklige aýratyn üns berýär. Bu ýyl ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň çäginde üç million düýp saýaly, miweli, pürli agaç nahallary ekiler.

Prezident G.Berdimuhamedow bu baradaky karara anna güni geçiren hökümet maslahatynda gol çekipdir. Şeýle-de ol bu işiň gidişine, ýaş nahallaryň düýp tutmagy üçin ideg, esewan edilişine berk gözegçilik edilmegini tabşyrypdyr.

Elbetde, bag ekmegiň gowy zatdygy bilen hemmeler razylaşýar, bu Türkmenistan ýaly yssy ýurtlarda uly sogap hem hasaplanýar. Emma türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda bag ekmek boýunça alnyp barylýan kampaniýanyň özüne ýetesi kemçilikleriniň hem bardygyny aýdýarlar.

Eýsem bu meseledäki üstünlikler we bärden gaýtmalar nämeden ybarat? Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada ýerli synçy, publisist ýazyjy A.Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG