Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Oskar” baýragynyň 85-nji gowşurylyş dabarasy boldy


"Argo" atly filmiň režisseri Ben Afflek Oskar baýragyny aldy, Golliwud, 24-nji fewral, 2013.
"Argo" atly filmiň režisseri Ben Afflek Oskar baýragyny aldy, Golliwud, 24-nji fewral, 2013.
Los-Anjelesde Golliwudyň esasy baýragy bolan “Oskar” baýragynyň 85-nji gowşurylyş dabarasy boldy.

Iň gowy film hökmünde režissýor Ben Afflegiň Eýrandaky zamun alyşlyk barada surata düşüren “Argo operasiýasy” atly filmi sylaglandy.

Iň gowy film

Bu sylag adaty bolmadyk bir ýagdaýda yglan edildi. Iň gowy film üçin “Oskar” baýragyny ABŞ-nyň prezidentiniň aýaly Mişel Obama wideoaragatnaşyk arkaly Ak Tamdan yglan etdi.

Baýraga mynasyp bolan bu kartinada 1979-njy ýylda Eýranda bolan rewolýusiýanyň dowamynda Kanadanyň Tährandaky ilçihanasynda gizlenen amerikan diplomatlarynyň halas edilmegi boýunça geçirilen özboluşly operasiýa barada gürrüň berilýär.

Ben Afflek köpçüligiň öňünde eden çykyşynda filmiň üstünde işlänlere, Kanada, şeýle-de eýranlylara minnetdardygyny aýtdy.

Emma Afflegiň ady iň gowy kinorežissýor diýen kategoriýada agzalmady. “Oskar” baýragynyň bu kategoriýasy boýunça “Pi durmuşy” atly filmi üçin taýwanly režissýor Eng Lee sylaglandy.

Aktýor baýragy

Režissýor Stiwen Spilbergiň “Linkoln” atly kartinasynda öňki amerikan prezidenti Awraam Linkolni şekillendiren iňlis-irland aktýory Daniel Deý-Luis ýene-de baýraga mynasyp boldy.

Deý-Luis baş roly üçin yzly-yzyna üç gezek “Oskar” baýragy bilen sylaglanan ilkinji aktýordyr. Ol özüne şeýle uly hormatyň bildirilenligi üçin kinoakademiýanyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

22 ýaşly aktrisa Jenifer Lourens iň gowy aýal roly üçin Oskar baýragyna mynasyp boldy. Jenifer Lourens söýgi dramasynda oýnan rolunyň üstünlikli bolandygy üçin ähli zenanlara minnetdardygyny aýtdy.

Ýazyjy Wiktor Gýugonyň “Ýekirlenenler” atly eseri boýunça döredilen sazly filmde Fantinany oýnan amerikan aktrisasy Enn Hetueý ikinji plandaky roly üçin Oskar baýragyna eýe boldy.

Erkekleriň arasynda ikinji plandaky rol üçin awstriýaly aktýor Kristof Walts sylaglandy. Meşhur kinorežissýor Kwentin Tarantinonyň filmleri Kristof Waltsa iki sapar Oskar baýragyny getirdi.

Waltsyň birinji “Oskar” baýragy Tarantinonyň 2009-njy ýylda döreden “Gözden düşen haramzadalar” atly kartinasy üçin berlipdi.

Daşary ýurtly film

Iň gowy daşary ýurt filmi üçin “Oskar” baýragy awstriýaly režissýor Maýkl Hennegiň garry är-aýalyň fiziki we psihiki kesellere garşy göreşi baradaky “Söýgi” atly filmine berildi.
XS
SM
MD
LG