Sepleriň elýeterliligi

Müsürde 19 turist heläk boldy


Müsürde howa şary ýarylyp, gadymy müsür şäheri Luksoryň golaýynda ýere gaçdy.

Bu hadysa 19 syýahatçynyň ölümine sebäp boldy. Müsür häkimiýetleri howa şarynyň piloty bilen bir ýolagçynyň aman galandygyny aýtdylar, emma olaryň nähili ýagdaýdadygy anyk däl.

Luksoryň töwereginde howa şarlarynyň uçuşyny gurnaýan kompaniýalaryň sözçüsi we bir howpsuzlyk resmisi ol şar 300 metr çemesi aralykdan uçup barýarka gaz partlamasynyň bolandygyny aýtdylar.

Pida bolanlaryň käbiri Ýaponiýadan, Fransiýadan, Britaniýadan diýilýär, ýöne beýleki heläk bolan syýahatçylaryň milleti anyk däl.

Bu ýerde howa şarynda ýokaryk göterilip, Luksoryň gadymdan galan ýadygärliklerine, şol sanda Şalar jülgesine we Tutanhamona tomaşa etmek syýahatçylaryň gowy görýän zatlarynyň biri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG