Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň içinde raketa ýaryldy


Gaza zolagynyň jeňçileri günorta Ysraýylyň içine raketa atdylar.

Ysraýyl polisiýasy sişenbe güni Aşkelon şäheriniň golaýyndaky bir köçä biraz zyýan ýetendigini, emma ýaradar bolanyň ýokdugyny aýtdy.

Bu geçen noýabrda ýaraşyk baglaşylaly bäri Gaza zolagyndaky jeňçiler tarapyndan edilen ilkinji şeýle hüjümdir.

Bu raketa ysraýyl güýçleri bilen palestinaly protestçileriň arasynda Günbatar kenarda, ysraýyl tussahanasynda bir tussag öleli bäri barýan gapma-garşylyklaryň yz ýanyna gabat geldi.

Ysraýyl goşunlary duşenbe güni Betlehem töwereginde bolan garşy duruşlyk mahalynda ok atdylar we bäş palestinalyny ýaraladylar.

Şonda 15 ýaşly ýetginjek agyr ýaralandy. Duşenbe güni Hebronda tussag Arafat Jaradaty jaýlamaga müňlerçe adam gatnaşdy.

Palestinalylar Arafatyň türmede ölmezden öň gynalandygyny aýdýarlar. Ysraýyllylar jesediň kesilmeginiň netije bermändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG