Sepleriň elýeterliligi

Damask pitneçiler bilen gepleşige taýýar


Siriýa prezident Başar al-Assady agdarmaga synanyşýan ýaragly pitneçiler bilen gepleşik geçirmegi teklip etdi.

Siriýanyň bu teklibi daşary işler ministri Walid al-Muallem tarapyndan, Moskwada daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen bolan duşuşykdan soň edildi. Ol häzir Siriýanyň ýolaýyrtda durandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, pitneçileriň harby geňeşiniň agzasy Mustafa Abdel-Karim bu teklibi ret etdi.

Şu arada Siriýanyň Milli koalisiýasy özüniň ozalky pikirinden dänip, oppozisiýa goldaw toplamak üçin, Rimdäki konferensiýa gatnaşjakdygyny aýtdy.

Siriýanyň Milli koalisiýasy ozal dünýä güýçleriniň Siriýadaky zorluk-süteme sessiz oturmaklaryna protest edip, penşenbe günündäki maslahaty boýkot etjegini aýdypdy.

Duşenbe güni Damaskda atyşyk, partlama sesleriniň eşidilendigi aýdyldy. Döwlet eýeçiligindäki SANA habar gullugy janyndan geçeniň ulag partlatmasynda köp adam ýitgisiniň bolandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG