Sepleriň elýeterliligi

Eýran “Argony” tankytlaýar


Eýran Oskar baýragyny utan film “Argony” Eýrana garşy propaganda diýip, tankyt etdi.

Ben Aflek tarapyndan direktorlyk edilen film şenbe güni, iň gowy kino hökmünde, Los Anjelsde ýyllyk Akademiýa baýragyna mynasyp bolupdy.

Bu kinoda 1979-njy ýylda bolan Yslam rewolýusiýasy mahalynda Tähranda kanadaly ilçiniň jaýynda gizlenip, aman galan amerikan diplomatlary barada gürrüň berilýär.

“Argo” Eýrandaky teatrlarda görkezilmedi.

Eýranyň medeniýet we yslam oriýentasiýasy ministri Mohammad Hosseýni bu filmiň çeperçilik gymmatynyň ýokdugyny aýtsa, döwlet telewideniýesi ony Merkezi aňtaw gullugynyň reklamasy hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýarym resmi “Mehr” habar gullugy “Argo” filmine baýrak berilmegi Holliwudyň syýasata näderejede baglydygyny görkezdi diýdi.
XS
SM
MD
LG