Sepleriň elýeterliligi

Kerri Merkel bilen duşuşdy


Jon Kerri Berlinde çykyş edýär.

Jon Kerri Berlinde çykyş edýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Berlinde german kansleri Angela Merkel we beýleki uly resmiler bilen gepleşik geçirdi.

Sişenbe günündäki gepleşikler Siriýadaky zorluk- süteme we Eýranyň ýadro programmasyna gönükdirildi.

Kerri halkara jemgyýetçiliginiň Eýrana edýän teklipleri Tähranyň öz ýadro programmasy baradaky aladalary aradan aýyrmaga tarap anyk ugur almagyna hyjuwlanmagy üçin jogap çärelerini hem öz içine almaly diýdi.

Kerri Berlinde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hem duşuşmaly.

Bu duşuşyk Moskwa bilen Waşingtonyň arasynyň dartgynlaşan wagtyna gabat gelýär.

Kreml BMG-niň Siriýa garşy çäre görmek baradaky tagallalarynyň öňüni böwetledi hem-de, Waşingtonyň Orsýetde adam hukuklarynyň ýagdaýyny tankytlamagy sebäpli, amerikanlaryň ors çagalaryny perzentlige almagyna gadaganlyk girizdi.
XS
SM
MD
LG