Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda Eýran bilen gepleşilýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aştonyň sözçüsi dünýä döwletleriniň Almatyda Eýran bilen geçirilýän gepleşiklerden böwsüş ylalaşygyna garaşmaýandyklaryny aýtdy.

Maýkl Man bu sözleri sişenbe güni, gepleşikelr başlanandan soň kän wagt geçmänkä aýtdy.

Aşton alty döwletiň, ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň, Hytaýyň we Germaniýanyň ygtyýar bermeginde Eýran bilen gatnaşyklara gözegçilik edýär.

Almaty duşuşygy sekiz aý öň Moskwadaky gepleşikler şowsuz gutarandan soň geçirilýän ilkinji maslahatdyr.

Dünýä döwletleriniň Almatyda Eýrana uran baýlaşdyrmagyny bes etmegi üçin täze teklipleri etmegine garaşylýar.

Eýran uran baýlaşdyrmak arkaly ýadro ýaragyny edinjek bolmakda güman edilýär, Tähran muny ret edýär.
XS
SM
MD
LG