Sepleriň elýeterliligi

Italiýa: Saýlawdan soň wehim bar


Italiýanyň parlament saýlawlarynda hiç bir partiýa hökümet başyna geçmek üçin ýeterlik ses alyp bilene meňzemeýär.

Pir Luýgi Bersaniniň merkez-çepçi koalisiýasy ozalky premýer ministr Silwio Berluskoniniň ýolbaşçylygyndaky konserwatiwlerden parlamentiň aşaky öýi üçin geçirilen ses berişlikde sähel öňe saýlandy.

Şeýle-de olar ýap-ýaňy senat üçin ses berişlikde ýeňiş gazandylar, emma hökümet bolmak üçin zerur köplüge öwrülip bilmediler.

Bersani ýeňşini yglan etmek bilen, Italiýanyň örän çylşyrymly ýagdaýda durandygyny aýtdy.

Kommentatorlar ýewro zonasynyň üçünji uly ykdysadyýetindäki hökümet ysmazlyklarynyň ýewro zonasynyň bergi kirizisini gaýtadan başlap biljegini aýdýarlar.

Dikdurma wäşi Beppe Grillo tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Bäş ýyldyz hereketi” partiýasy sesleriň çärýege golaýyny almagy başardy.

Kommentatorlar onuň italiýanlaryň giň ýaýran korrupsiýa bolan gahar-gazabyndan we lapykeçliginden arka tapandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG