Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýran bilen gepleşiklerden uly öňegidişlige garaşmaýar


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton (çepde) we Eýranyň ýadro gepleşikleri boýunça başlygy Saeed Jalili. Gazagystan. 26-njy fewral, 2013 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton (çepde) we Eýranyň ýadro gepleşikleri boýunça başlygy Saeed Jalili. Gazagystan. 26-njy fewral, 2013 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aştonyň aýtmagyna görä, dünýä liderleri Gazagystanyň Almaty şäherinde Eýran bilen geçirilýän ýadro gepleşiklerinde uly öňegidişligiň boljagyna garaşmaýarlar.

Bu barada ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysynyň resmi wekili Maýk Mann sişenbe günki metbugat konferensiýasynda aýtdy. Ketrin Aşton Eýranyň ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Orsýet, Hytaý we Germaniýa bilen gepleşiklerine syn edýär.

Şol bir wagtda-da Maýkl Mann Almatydaky gepleşikleriň Eýranyň ýadro programmasy boýunça 10 ýyl bäri petige direlip duran problemany çözmekde öňe ädim bolup biljegini belledi.

Maýk Mannyň sözlerine görä, Ketrin Aşton gepleşiklere gatnaşýan alty döwlet bilen bilelikde Eýranyň ýadro problemasyny diplomatik ýollar arkaly çözmek ugrunda aýgytly işleşmäge taýýar.

“Eýran gepleşiklerde takyk we çynlakaý öňegidişligiň gazanylmagynyň zerurdygyna düşünmeli, Almatydaky duşuşyk bolsa uzakmöhletleýin we ählitaraplaýyn ylalaşyga ýol açyp biljek çynlakaý gepleşikler üçin mümkinçilik döredýär” diýip, Maýkl Mann aýtdy.

Teklipler

Almatydaky duşuşyk sekiz aý mundan ozal Moskwada geçirilen şowsuz gepleşiklerden bäri ilkinji gezek geçirilýär.

Dünýä ýurtlarynyň wekilleriniň Eýrana urany baýlaşdyrmakdan el çekmegi teklip etmegine garaşylýar. Eýranyň urany baýlaşdyryp, ýadro ýaragyna eýe bolmak isleýändigi çak edilýär.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysynyň resmi wekili Maýkl Mann Eýrana nähili teklipleriň edilendigini aýtmady, ýöne ol şol teklipleriň Eýranyň “belli bir derejede barlyşykly” bolmagyna mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

Ýakynda çap bolan hasabatlara görä, dünýä ýurtlary Eýrana garşy girizilen käbir sanksiýalaryň gowşadylmagyny teklip edipdiler. Bu Eýranyň altyn we beýleki gymmatbaha metallarynyň söwdasyna, şeýle-de käbir bank operasiýalaryna degişli.

Eýranyň bu eglişiklere jogap hökmünde urany 20% baýlaşdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinden el çekmegine garaşylýar.

Tähran urany baýlaşdyrmak boýunça işlerini ýadro ýaragyny döretmek üçin däl-de, parahatçylykly maksatlar bilen alyp barýandygyny aýdýar.

Eýranyň resmi toparynyň agzasy Mahmud Mohammedi petige direlen problemadan çykalga tapmak üçin Tähranyň hem öz tekliplerini taýýarlandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG