Sepleriň elýeterliligi

Çary: ‘Näme bolsa-da öz iliň ýagşy bolýar’


Gurbannazar Çary

Gurbannazar Çary

Azatlyk Radiosy Stambulda ýaşaýan türkmenlerden işewür adamy we şol bir wagtyň özünde şahyr hem aýdymçy Gurbannazar Çary bilen Mermer deňziniň gyrasynda, ullakan “Türkmenistan” parkynda pasyrdap duran türkmen baýdagy hakda gürrüňdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Stambulda deňiziň kenarynda bir ýaşyl baýdak pasyrdap dur. Bize öňürti şol türkmen baýdagynyň pasyrdap duran ýeri barada bir maglumat berseňiz. Nire şol ýer, näme şol ýer?

Gurbannazar Çary: Dünýäde bir türkmen bolsa hemmämiz baýdagy gören wagtymyz bile buýsanýarys. Nirde bolsak bolaly, biz türkmençiligi, türkmeni, öz däbimizi, dessurymyzy hiç wagt ýadymyzdan çykaramyzok.

Nirä barsak baraly, edil Türkmenistanda ýaşaýan ýaly, Türkmenistanda biziň durmuşymyz ýöräp duran ýaly edip, nirde ýaşasagam şeýdip ýaşaýarys. Hemme tarapdan hem: dilimiz bolsun, haýsy däp-dessurymyz bolsun saklap gelýäris.

Şu baýdagy gören pillämiz bizler Türkmenistany gören ýaly bolýarys. Öz baýdagymyzy gören wagtymyz “Türkmeniň baýdagy how şu” diýip, seredip, gapdalyndan maşynly dagy geçip gitsegem şeýdip, gözden ýitýänça seredýäris.

Ýanymyzda kim bolanda-da ýa-da türk doganlarymyza hem “Ynha şu Türkmenistan parky. Ynha şu türkmeniň baýdagy, biziň baýdagymyz” diýip, adýarys. Enşalla, baýdagymyz dünýä dursa hemişe pasyrdap dursun. Nirde bolsak bolaly şoňa buýsanýarys.

Azatlyk Radiosy: Şol “Türkmenistan” parky Stambulyň niresinde ýerleşýär?

Gurbannazar Çary: Aksaraý bilen Zeýtinburnyň arasynda bir ýerde, deňiziň gyrasynda ýerleşýär. Ýaman gowy ýer. Biz käwagt çagalarymyzy hem alyp gidip “Ynha şu biziň baýdagymyz” diýip görkezýäris.

Stambuldaky "Türkmenistan" parkynda gurnalan dabara

Stambuldaky "Türkmenistan" parkynda gurnalan dabara

Çagalarymyz “Türkmenistan nirede ýerleşýär? Türkmençe gürleýärlermi? Hemmesi türkmeniň dilinde gepleşýärlermi?” diýip, soraýarlar bizden. Şol baýdaga eltip görkezsek “Ynha biziň öz ilimiz bar, döwletimiz bar” diýip görkezen mahalymyz diňe çagalarymyz üçin däl, biziň özümiz üçin hem gaty gowy bolýar.

Şondan özüne bir zatlar alýar çagalarymyz. Baýdagy görýar “Biziň hem baýdagymyz bar ekeni” diýip, buýsanýarlar. Biziň özümiz buýsansak, çagalarymyz hem buýsanýar.

Azatlyk Radiosy: Şol “Türkmenistan” parky haçanrak açyldyka?

Gurbannazar Çary: Türkmenistan parkynyň açylanyna on ýyldan känräk wagt boldy. On bäş ýyl töweregi bolandyr.

Azatlyk Radiosy: Stambulda deňiz kenarynda birinji gezek “Türkmenistan” parkynyň açylanyny, şol ýerde türkmen baýdagynyň pasyrdap duranyny göreniňizde nähili duýgylary başdan geçirdiňiz?

Gurbannazar Çary: Ilki açylanda men Stambulda däldim. Yöne Stambulda bolmasam hem soň ýörite görmäge gitdim şony. Baryp gördüm welin, bir üýtgeşiklik. Ony aňladyp hem bolmaýar.

Gözüňe ýaş aýlanyp gidýär gören wagtyň. Bir hili küýsäp gidýäň-dä öz iliňi, öz halkyňy. Muny özüň ýaşap görmeseň aňlatmak kyn. Parka baryp, baýdaga seredem mahalyň buýsanyp gidýäň “Meniň hem ilim bar, baýdagym bar” diýip.

Azatlyk Radiosy: Stambul şäherinde türkmen bilen baglanşykly başga zatlar hem barmy, köçeler bolsun, parklar ýaly?

Gurbannazar Çary: Hawa, Zeýtinburnunda biziň uly bir köçämiz bar, ady Maryň ady dakylan-da. Şol edil öýümiziň gapdalyndan geçýär. Uly köçe, uly ýol, türkler “jadde” hem diýýär. Merw jaddesi-şaýoly diýip atlandyrylýar.

Çagalarymyz, türkmeniň gadymy bir şäheri bar ekeni “Merw” atly diýip, bilýär. Stambulda, Zeýtinburnynda ýaşaýan türkmenleriň hemmesi hem bilýär şony. Şol hem biziň üçin uly buýsanç.

"Türkmenistan" parkynda türkmen göreşi

"Türkmenistan" parkynda türkmen göreşi

Şol köçeden geçen wagtyň ýadyňa düşýär, “Maryň ady berlen. Türkmenistanyň bir welaýatynyň ady berlen” diýip. Edil Maryda ýöräp barýan ýaly bolýarsyň. Nähili bolanda-da adamzat öz ilini, öz ýurdyny, öz dogan-garyndaşyny küýseýär.

Hudaya şükür, gatnaşyp durus. Gelip-gidýänem bar. Garyndaşlarymyzdan hem gelip gidýärler. Umydymyz bar, has ýollar açylsa, bizler baryp-gaýtsak, garyndaşlarymyzy görsek. Biziň aňyrda garyndaşlarymyz bar. Has ýakyn garyndaşlarymyz hem bar. Daýy-daýzalarymyz bar.

Ýöne çagalarymyzy şolar bilen gatnaşdyrmalymykak diýýärin. Asyl höwesimiz, niýetimiz, ýüregimizdäki islegimiz şol, çagalarymyz hem aňyrda Türkmenistanda öz ilini, ýurdyny baryp görse, watanyny görse. Hemişe şony bilse. Öz gözüň bilen görseň başgaça bolýar.

Ýene aýdýasam welin, ýene aýdanyň bilen hem görmek gaty tapawutly bolýar. Biziň indi islegimiz, çagalary hem alyp gitsek Türkmenistana. Ýollar biraz açylsa. Rahatlyk bolsa. Obalara, aňyryk garyndaşlara çagalarymyzy bir äkidip görkezsek. Türkmenistandan islegimiz şeýle. Biziň bir kemçiligimiz şol, öz ilimiz Türkmenistana bir rahat aýlanyp gaýtsa çagalarymyz, hemmeler. Ýüregimizde hemişe arzuw edip geçýäris şuny.

Azatlyk Radiosy: Söhbetdeşligimiziň ahyrynda dünýä türkmenleri üçin özüňiz goýan goşgylaryňyzdan birini okap berseňiz?

Gurbannazar Çary: Magtymguly aýdýar-a:

Adam bolup, adam gadryn bilmegen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende söz manysyn bilmegen,
Ondan ýene gepläp bilmez lal ýagşy.

Her kime watandyr öz ýatan jaýy,
Ýadyndan çykmaýar baýramy, toýy,
Jan-saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Jan-saglygyň gadryn bil ýagşy.

Bir biwepa ýara gülüp bakandan,
Şirin jany yşk oduna ýakandan,
Ýat illerde aýraçylyk çekenden,
Ursa-söwse, horlasa-da il ýagşy – ynha Magtymguly agamyzyň aýdyp giden dana sözleri. Hakyky şol: öz iliň, öz ýurduň, öz watanyň, öz adamlaryň, öz garyndaşlaryň ol başga bolýar. Näme bolsa-da öz iliň ýagşy bolýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG