Sepleriň elýeterliligi

Yslam topary gadagan edildi


Astanada bir sud halkara yslam topary bolan "Tabligi jamaaty" gadagan etdi.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň edarasy sişenbe güni bu toparyň ekstremist diýlip kesgitlenendigini we onuň Gazagystandaky ähli işiniň indiden eýläk bikanun diýlip hasaplanjagyny aýtdy.

Sud bu toparyň wagyz edýän ideýalaryna salgylandy, ýöne ol ideýalarda nähili ekstremistik zat görendigini anyk aýtmady.

"Tabligi jamaat" 1926-njy ýylda Hindistanda döredilen dini hereket bolup, özüni parahatçylykly we syýasata goşulmaýan gurama hökmünde häsiýetlendirýär.

Soňky ýyllarda bu gurama Orsýetde, Täjigistanda we Özbegistanda hem gadagan edildi.
XS
SM
MD
LG