Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bişkek: Özbek bosguny ýitirim boldy


Gyrgyzystanda bosgunlykda ýaşaýan özbek aktiwisti Şuhrat Musiniň soňky iki hepde bäri dereksiz ýitendigi habar berilýär.

Çarşenbe güni Şuhrat Musiniň aýaly Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz 29 ýaşly adamsynyň 18-nji fewralda ýitirim bolandygyny aýtdy.

Özbegistanyň häkimiýetleri tarapyndan ekstradisiýa edilmegi talap edilip gelinýän Şuhrat Musin 2007-nji ýylda häkimiýetleriň yzarlamalaryndan gaçyp, Gyrgyzystana barypdy. Şol ýerde-de ol 2008-nji ýylda bosgunlyk durumyna eýe bolupdy.

Özbek häkimiýetleri ony kanun taýdan gadagan edilen Özbegistan Yslam Hereketiniň agzasy hasaplap, onuň ekstradisiýa edilmegini talap edip gelýärler.

Şuhrat Musiniň aýaly öz adamsynyň ýitirim bolandygy barada Bişkegiň polisiýasyna habar berendigini, emma henize çenli ondan hiç hili habar-hatyryň tapylmandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG