Sepleriň elýeterliligi

Benedikt XVI Watikanda hoşlaşýar


Öz wezipesinden gidýän rim katolik dininiň ruhy lideri pop Benedikt XVI çarşenbe güni Watikanda köpçüligiň öňünde özüniň iň soňky wagyzy bilen çykyş edýär.

Onuň bu soňky wagyzyny diňlemek hem-de onuň bilen hoşlaşmak üçin çarşenbe güni Watikan şäheriniň Keramatly Pýotr meýdançasyna 100 müňden gowrak adam ýygnandy.

Ýakynda 85 ýaşly Benedikt XVI özüniň bu wezipesinden öz saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygy sebäpli çekilýändigini yglan edipdi.

Munuň özi soňky 600 ýylyň dowamynda rim katolik dininiň ruhy lideriniň öz wezipesinden möhletinden öň ilkinji gezek meýletinlik bilen çekilmesi hökmünde alamatlandy.

Benedikt XVI-nyň ornuna täze ruhany mart aýynyň ahyrynda saýlanar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG