Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly Şasoltana Türkiýe hossar çykýar


Stambuldan bir görnüş.

Stambuldan bir görnüş.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň iň köp bolan ýurdy.
Türkmenistanly zähmet migrantlarynyň Türkiýede başdan geçirýän wakalary barada ýerli metbugatda yzygiderli habarlar çap edilýär.

Türkiýäniň Mugla welaýatynyň Datça etrabynda tutulan Şasoltan Hemraýewanyň ykbaly baradaky habar hem şolardan biri. Şasoltan Türkiýede 7 ýyl wizasyz ýaşan, dini nika bilen bir türk raýatyna durmuşa çykyp, 3 çagasy bolan zenan.

Ýöne onuň diňe ýurtdaky kanuny durumy, nikasy däl, çagalary hem resmi taýdan hasaba alynmandyr. Ýakynda bu ýagdaý ýüze çykansoň, Türkiýäniň Içeri işler ministrligi Şasoltanyň ýurtdan çykarylmagy üçin çäre görmekçi bolupdyr.

Emma Datça etrap häkimliginiň öňbaşçylygynda ýerli halk Şasoltanyň ýagdaýynyň kanunlaşdyrylmagy, ýurtdan çykarylmazlygy we çagalaryndan aýrylmazlygy üçin herekete geçipdir.

Bu barada Türkiýädäki habarçymyz Döwlet Baýhanyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
XS
SM
MD
LG