Sepleriň elýeterliligi

Gaznide 17 adam öldürildi


Owganystanyň hökümet resmileri Çarşenbe güni irden ýurduň Gazni welaýatynda polisiýanyň bir barlag punktuna talyban söweşijileriniň eden hüjüminde 17 adamyň ölendigini mälim etdiler.

Gazni welaýat häkimi Musa Khan Akbarzada welaýatyň Andar etrabynda amala aşyrylan bu hüjümde talyban söweşijileriniň 10 sany polisiýa işgäri bilen birlikde polisiýanyň binasyndaky ýene 7 sany ýerli ýaşaýjyny-da öldürendiklerini aýtdy.

Emma öz adynyň agzalmagyny islemedik welaýat resmilerinden ikisi bu wakada öldürilenleriň hemmesiniň polisiýa işgärleridigini tassykladylar.

Bu wakanyň yzy bilen çarşenbe güni talybanlaryň metbugat sekretary bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, “Frans-Press” habar agentligine jaň edipdir.
XS
SM
MD
LG