Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý galplykda aýyplanylýar


Orsýetiň häkimiýetleri belli oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawalnynyň adwokatlyk käri üçin resmi rugsady bikanun ýol bilen alandygyny aýdýarlar.

Çarşenbe güni Orsýetiň jenaýat-derňew Komitetiniň internet saýtynda peýda bolan maglumatda bu barada Alekseý Nawalnynyň ýörite sorag edilendigi aýdylýar.

Bu maglumata görä, Alekseý Nawalnyý özüniň ozalky işlän ýeri bolan döwlet eýeçiligindäki tokaý firmasynyň 2009-njy ýylda çeken maliýe ýitgileri bilen baglanyşykly-da sorag edilipdir.

Jenaýat-derňew Komiteti Alekseý Nawalnynyň birnäçe ýyl mundan ozal adwokatlyk işine rugsat alanda öz iş tejribesi barada ýalan maglumatlar berendigini öňe sürýär.

Alekseý Nawalnynyň özi internet sahypasynda çarşenbe günki ýazan blogynda jenaýat-derňew Komitetiniň heniz özi bilen gürrüň geçirmezinden öň özüne garşy aýyplama bildiriji maglumaty internetde ýerleşdirendigini aýdyp, muňa öz nägileligini bildiripdir.
XS
SM
MD
LG