Sepleriň elýeterliligi

Kerri Parižde gepleşik geçirýär


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri özüniň bu wezipedäki ilkinji saparynda Parižde Fransiýanyň liderleri bilen gepleşik geçirýär. Onuň bu gepleşiklerinde, esasan, Siriýadaky we Malidäki harby konfliktler bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.

Çarşenbe güni Jon Kerriniň Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland we daşary işler ministri Loran Fabius bilen gepleşik geçirýändigi habar berilýär.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni Berline eden saparynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Germaniýanyň ýokary derejeli resmileri bilen birlikde, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen-de özara gepleşik geçirdi.

Penşenbe güni ol Rimde Siriýadaky meselelere bagyşlanyp geçiriljek halkara konferensiýasyna-da gatnaşmaklygy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG