Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Eýrandan gaz almakçy


Çarşenbe güni Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Eýrana iki günlük sapar bilen barýar. Bu saparynyň dowamynda ol Eýranyň gazyny Pakistana getirmek meselesi boýunça Täharanda ýörite ylalaşyga gol çeker diýlip hem garaşylýar.

Eýranyň gazyny Pakistana akdyrmak üçin göz öňünde tutulýan truboprowodyň gurluşygynyň 1.5 milliard dollara durjakdygy habar berilýär. Häzirki wagt Eýran Pakistana her günde 21.5 million kubometr gaz akdyrmaklygy teklip edýär.

Maglumata görä, prezident Asif Ali Zardari bilen prezident Mahmud Ahmedinejatyň gol çekjek ylalaşyklary Pakistanyň Gwadar port şäherinde Eýranyň ýardamy bilen nebit arassalaýjy zawod gurmak baradaky ylalaşygy-da öz içine alar.

Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy girizen sanksiýalary sebäpli bu gürrüňi edilýän proýektleriň gurluşyklary bilen baglanyşykly gepleşikler uzaga çekdirilip gelindi.
XS
SM
MD
LG