Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Tähran zamunlaryna kompensasiýa bermek teklip edilýär


Eýranyň yslam rewolýusiýasyny goldan studentler ABŞ-nyň ilçihanasyna hüjüm edýärler, Tähran, 1979.
Eýranyň yslam rewolýusiýasyny goldan studentler ABŞ-nyň ilçihanasyna hüjüm edýärler, Tähran, 1979.
ABŞ-nyň Kongressiniň agzasy 34 ýyl mundan ozal 444 günüň dowamynda Tähranda zamun saklanan amerikan ilçihanasynyň işgärlerine maliýe kompensasiýasyny bermek barada kanun proýektini teklip etmegi planlaşdyrýar.

Demokratik partiýasynyň wekili Brus Braleýiň AÝ/AR aýtmagyna görä, bu kanun proýektiniň şu hepdede Oskar baýragyna eýe bolan iň gowy film, diýlip yglan edilen “Argo” atly kartina bilen gatnaşygy ýok.

Bu film 1979-njy ýylda Eýranda bolan zamun alyşlyk barada gürrüň berýär.

Brus Braleý bu kanun proýektini geçen ýylda öňe sürendigini aýtdy, emma bu synanşygynyň şowsuz bolandygyny belledi.

"Argo" filmi

Braleý “Argo” atly filmiň meşgurlygynyň bu kanun proýektine Kongressde garalmagy üçin itergi bolup biljegini belleýär.

Braleýiň pikirine görä, “Argo” atly film köp amerikalylara 34 ýyl mundan ozal bolan wakalaryň ýurduň taryhy üçin wajypdygyny we adamyň ömrüniň gymmatlydygyny ýatladýar.

Film amerikan ilçihanasynda zamun saklanan 52 adamyň ykbaly we Kanadanyň ilçihanasynda gizlenen 6 amerikalynyň başdan geçiren wakalary barda gürrüň berýär.

Kanun proýekti

Kanun proýekti şol wakalarda diri galan adamlara we ýogalanlaryň maşgalalaryna pul kömeginiň berilmegini göz öňünde tutýar. 400 million dollar mukdarly fond ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny bozan amerikan kompaniýalarynyň töleýän jerimelerinden düzülmeli.

Zamunlyga düşen adamlaryň Eýran hökümetinden kompensasiýany talap etmek boýunça eden ilkinji synanyşygy 1991-nji ýylda böwetlenipdi.

Braleý Eýrana garşy sanksiýalary bozan kompaniýalaryň hasabyna fond döretmek bilen bagly ideýanyň bu ýurtda zamun bolan adamlara kömek bermek üçin döredijilikli bir usul bolup durýandygyny aýtdy.

Braleýiň sözlerine görä, ol kanun proýektini wekiller öýüniň garamagyna indiki aýda tabşyrmagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG