Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda çilimkeş türkmen gyzlary köpelýär


Çilimkeş aýal

Çilimkeş aýal

Owganystanyň Mazary-Şerif şäheriniň ýaşaýjysy Bägül ýaňy-ýakynda çilimkeş gyzlaryň hataryna goşulan ýaş türkmen gyzlardan biri, ol häzir ýaňy 21 ýaşynda.

Umuman aýdylanda, owganystanly türkmenleriň arasynda çilimkeş gyzlara duş gelmek örän kyn. Bägül ýaly 20 ýaş töweregindäki gyzlaryň arasynda bu endik has-da seýrek duş gelýär.

Emma Bägül ýurtda ýagdaýyň indi üýtgäp barýandygyny, özüniň-de çilim çekýän deň-duşlaryny görüp, bu endigi olardan öwrenendigini aýdýar.

"Meniň çilim çekmäge başlanyma iki aýdan gowrak wagt boldy. Men [çilim] çekýänleri [görüp], höwes edip çekip başladym. Birinji sapar [çilim çekmäge] başlanymda, maňa hödür etdiler, çekip görseň, hiç zat etmeýär diýdiler, joralarym şey diýdiler. Soňra çekip gördüm, soň az-azdan çekip öwrendim. Häzirki wagtda [gündelik] üç sany, dört sany [çilim çekýärin]. Mundan iki aý ozal şolary [joralarymy] görsem, şolaryň ýanynda çekýärdim, bolmasa-da çekemokdym" diýip, Bägül özüniň çilim öwrenişini gürrüň berýär.

Bägül şeýle endikleriň indi owganystanly ýaş türkmen gyzlarynyň arasyna ornaşandygyny aýtsa-da, özüniň bu endiginden öz ene-atasynyň habarynyň ýokdugyny boýun alýar.

Ökünç

Emma Bägül çilim öwrenenine indi ökünýär. Sebäbi ol bu endiginiň özüne eýýäm ýaramaz täsir ýetirip başlandygy hakda oýlanýar: "Men ökünýän. [Çilim çekmegi] taşlajak bolup, köpräk işlejek bolýan. Şol ýadymdan çyksyn diýip, köpräk iş etjek bolýan, köpräk uklaýan. Indi özüme täsir edýär, bu çekýänlerim özüme bildirýär. Ýagny, gatyrak hereket etsem, kelläm aýlanýar, özüme bildirýär, özüm ökünýän eden işime. Başga [çilim] çekýänlere-de çekme diýip aýdardym men. Eger [çilim] çekýänleri görsem, çekme diýip aýdardym".

Bägül bu täze başlan endigine ökünýän bolsa hem, çilimkeşlik owganystanly ýaş türkmen gyzlarynyň arasynda barha giň gerim alýar. Hatda durmuş toýlarynda gyzlaryň üýşmeleň edip oturýan jaýlarynda, çaý-çörekden öň çilim hödürlenýän halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar.

Owganystanyň demirgazygyndaky Jouzjan welaýatynyň Hamýap obasynda aýal ugrundan doktor bolup işleýän Äýşe Çary bu ýagdaýyň alada goýýandygyny aýdýar.
"Çilim çekýänleriň köpelýäni [belli], [olar] öten ýyl 30% bolsa, bu ýyl hökman 50%-e gelendir. Şolar ýaly çilim çekýänler köpelen, hat-da dört ýaşyndaky çagalardan 50 ýaşyndakylara çenli [çilim] çekýärler. Şolaryň çilim çekmeýänlerinden, çekýänleri kän. Klinika gelýänleriň hem köpüsinden sorasaň, çilim çekýärler, hatda çagalara çenli" diýip, aýal ugrundan lukman Äýşe Çary gürrüň berýär.

Bägül öz deň-duşlaryndan görelde alyp çilimkeşlige başlan hem bolsa, doktor Äýşe ýaş gyzlaryň arasynda çilimkeşligiň barha ýaýramgynyň sebäbini, umuman aýdylanda, sosial problemalardan görýär.

Mümkin sebäp

Doktor Äýşe Çarynyň aýtmagyna görä, aýal-gyzlaryň belli bir bölegi gam-gussadan, işsizlikden ýa-da baýlykdan çilim çekýär. Beýleki bir bölegine-de, agyr işe ýarasyn, gijelerine haly dokasyn, ukudan açylsyn diýip, ejeleri çilim öwredýär, çilim çekmäge höweslendirýär.

"Ejesi-kakasy bilenoklar-da şonuň näme zyýanynyň bardygyny. Eger bilseler hem, görmeseler, şoňa düşünmän, soň çekme dagy diýenoklar. Soň olaram ejesi-kakasy nädip ýaşasa, şeýdip [çilim] çekip, gidiberýärler. Mysal üçin, gije haly dokaýarlar. Şonda [gyzlar] meniň ukym gelýär diýýärler, ýa-da men ýaramok, kelläm agyrýar, ýa-da men üsgürýän diýýärler. Şonda, al sen şundan çekseň, saňa peýda eder, burunlaryňy açar ýa-da kelle agyryňy aýrar, üsgülewügiňi goýdurar diýip, olara [eje-kakalary] şeýle aýdyp berýärler. Hakykaty däl-de, onuň tersini aýdyp berýärler, [çilimiň nämedigine] düşünmän. Şeýdip hem olary höweslendirýärler we şeýdibem [gyzlar] ýaşlykdan [çilim] öwrenýärler. " diýip, doktor Äýşe Çary gürrüň berýär.

Çilim çekmeklik aýallarda hem-de erkeklerde demgysma, öyken, aşgazan, rak we ýürek keselleriniň döremegine sebäp bolýar. Dünýä Saglyk Guramasynyň maglumatyna görä, ýogalýan ýetginjekleriň ondan biri çilim zerarly aradan çykýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG