Sepleriň elýeterliligi

Phenýanyň syýasaty alada döredýär


Penşenbe güni BMG-niň ýörite hasabatçysy Marzuki Darusman Demirgazyk Koreýadaky adam hukuklarynyň bozulmalary bilen bagly ýagdýlar barada halkara derňewleriniň geçirilmegine çagyryş etdi.

Ženewada, BMG-niň ofisinde eden bu çykyşynda ol halkara derňewçileriniň bu kommunistik ýurtdaky “aýylganç, yzygiderli we giň ýaýran hukuk bozmalara” ýakyndan syn etmelidiklerini nygtady.

BMG-niň Demirgazyk Koreýa boýunça ýörite hasabatçysy Marzuki Darusman bu ýurtdaky adam hukuklarynyň bozulmalary bilen baglanyşykly anyk maglumatlary öz içine alýan ýörite hasabat bilen BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşinde 11-nji martda çykyş etjekdigini mälim etdi.

Marzuki Darusmanyň ýolbaşçylygyndaky topar Phenýanyň häkimiýetlerine bu ýurtdaky syýasy tussaglaryň zähmet lagerlerinde işledilmekleri barada düşündiriş bermeklerini talap edip, ýörite hat ýollandygyny, emma oňa hiç hili jogap alynmandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG