Sepleriň elýeterliligi

Durdygulyýew: 'Garyndaşlaryma basyş edilýär'


Gurbandurdy Durdygulyýew howlusynyň gapysynda galdyrylan "Dönük" diýen ýazgynyň gapdalynda, 2008 ý.

Gurbandurdy Durdygulyýew howlusynyň gapysynda galdyrylan "Dönük" diýen ýazgynyň gapdalynda, 2008 ý.

Balkanabat şäheriniň “Suwçy” posýologynda ýaşaýan raýat aktiwisti Gurbandurdy Durdygulyýew ýerli häkimiýetleriň özüni ýanamaklaryny hem-de gatnaşyk saklaýan adamlaryny gorkuzmaklaryny dowam etdirýändiklerini aýdýar.

Onuň telefon söhbetdeşliginde tassyklamagyna görä, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň geňeşiniň arçyny ýanwar aýynyň ikinji ýarymynda aktiwistiň Jebelde ýaşaýan garyndaşy Kyýas Weliýewi geňeşlige çagyryp, ondan G.Durdygulyýew bilen nähili garyndaşlygynyň bardygyny sorapdyr.

G.Durdygulyýew arçynyň Weliýewden özi bilen gatnaşygy kesmegi talap edendigini aýdýar. Ol şunuň ýaly basyşlaryň öz garyndaşlaryna ilkinji gezek edilmeýändigini, mundan öňem şeýle wakalaryň bolandygyny gürrüň berdi.

Yzarlanmalaryň sebäbi

G.Durdygulyýew bu yzarlanmalaryň sebäbini Türkmenistanda bolan soňky prezident saýlawynyň öňüsyrasynda alyp baran syýasy işleri, hususan-da Ogulbaýram Kulyýewanyň prezidentlige kandidat bolmak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek üçin inisiatiwa toparyna goşulmagy bilen düşündirýär.

Ýöne internetdäki maglumatlar, Azatlyk Radiosynyň arhiwindäki söhbetdeşlikler G.Durdygulyýew bilen türkmen häkimiýetleriniň arasyndaky gapma-garşylygyň öňräkden gaýdýandygyny tassyklaýar.

Ol, mysal üçin, 2004-nji ýylyň fewralynda, prezident S.Nyýazowyň doglan gününe gabatlap, Balkan welaýaty derejesinde hökümetiň alyp barýan syýasatyna garşy parahatçylykly protest geçirmäge rugsat sorap, ýerli häkimiýetlere ýüz tutupdyr we bu barada Azatlyk Radiosyna interýiew berdipdir.

Şondan soň G.Durdygulyýew mejbury ýagdaýda ruhy hassahana ýerleşdirilip, iki ýyl gowrak şol ýerde saklandy. Ol bu hassahanadan Birleşen Ştatlaryň elliden gowrak kongresmeniniň prezident Nyýazowa ýazan açyk haty sebäpli boşadyldy.

"Ýiten" pasport

Ýöne raýat aktiwistiniň ýanalmalary munuň bilen hem gutarmadyk ýaly görünýär. Ol, öz aýtmagyna görä, 2006-njy ýylyň iýulynda, Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň çakylygy bilen, ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 275 ýyllygyny bellemek üçin paýtagta gitmekçi bolanda, ýerli häkimiýetler tarapyndan saklanýar we pasporty elinden alynýar.

G.Durdygulyýew şu ýagdaýlar bilen baglylykda 46 ýyl işläni üçin almaly pensiýasyny, ikinji topar maýyplygy üçin almaly kömek puluny, awtoulagly adamlara mugt berilýän benzin hakyny alyp bilmeýändigini aýdyp, ýurduň prezidentine çenli arza ýazypdyr.

Şeýle-de ol posportynyň ýoklugy üçin saýlamak, saýlanmak hukuklaryndan kesilýändigini, hereket azatlygynyň çäklendirilýändigini gürrüň berýär.

Öwez puly meselesi

Emma bu ýerde meseläniň ýene bir tarapy bar: G.Durdygulyýewiň özüniň hem tassyklamagyna görä, häkimiýetler oňa täze pasport teklip edipdirler, ýöne ol munuň üçin öňki pasportyny ýitirendigini tassyk etmeli. Raýat aktiwisti häkimiýetleriň bu teklibini kabul etse, özüniň şunça ýyllap ýitiren pensiýasynyň öwezini talap edip bilmejegini öňe sürýär.

Biz balkanabatly raýat aktiwistiniň pasport meselesi bilen gyzyklanyp, Balkanabat şäher häkimligine telefon etdik we häkimligiň adynyň tutulmagyny islemedik resmisi G.Durdygulyýewiň bu mesele bilen özlerine ýüz tutmandygyny, eger ýüz tutsa, oňa ilkinji nobatda kömek beriljegini aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG