Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran bilen Pakistan gaz söwdasyny maslahat etdiler


Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi (sagda), Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari (çepde), Tähran, 27-nji fewral, 2013.

Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi (sagda), Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari (çepde), Tähran, 27-nji fewral, 2013.

Eýranyň ruhy baştutany Ali Hameneýi ýurda sapar edýän Pakistanyň prezidenti bilen geçiren duşuşygynda eýran gazyny Pakistana akdyrmak boýunça 7.5 milliard dollarlyk gazgeçirijiniň proýektiniň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.

Hameneýiniň edarasynyň maglumatyna görä, Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari “Eýran-Pakistan gazgeçirijisiniň Tähran bilen Yslamabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň subutnamasydygyny” belledi. Şeýle-de, ol “gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagyna bolan duşmançylyklara garamazdan, biz muňa aýgytly garşy durmaly” diýdi.

Gaz söwdasy

Hepdäniň çarşenbe güni Zardari gazgeçirijiniň proýektini Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad bilen hem maslahat etdi.

Eýran Pakistana günde 21.5 million kubometr mukdarda gaz satyp biljegini aýdýar. Şeýle-de, gaz geçirijiniň Pakistana degişli böleginiň gurluşygyna karz bermegi teklip edýär. Pakistana degişli bölegiň bahasy 1.5 milliard dollar töwereginde kesgitlenýär.
Bu proýekt amerikan sanksiýalary sebäpli daşary ýurtlardan maýa goýujylary çekmek meselesinde kynçylyklara duçar boldy.

Ali Hameneýi Zardarini ABŞ-nyň garşylygyna üns bermezlige çagyrdy. Hameneýi “Eýran yslam respublikasynyň regionda energiýanyň iň howpsuz çeşmesi bolup durýandygyny we Pakistanyň zerurlyklaryny üpjün etmäge taýýardygyny” belledi.
Tährana sapar edýän Zardari Eýranyň nebit senagaty ministri Rustem Kazimi bilen hem duşuşdy.

Pakistan energiýa serişdelerine diýseň mätäç. Yslamabat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisini goldap gelýär, emma oňa gatnaşýan ähli ýurtlaryň isleglerine garamazdan, bu proýekt 20 ýyla golaý wagt bäri kagyz ýüzünde galýar.

Eýranyň ýadro programmasy bilen baglylykda girizilen halkara sanksiýalary güýçlenýärkä, Tähran öz gazyna müşderi tapmak meselesinde ýakyn goňşulary bilen hem gepleşik alyp barýar.

Türkmenistan bilen gepleşikler

Şu hepdede Gazagystanyň Alma-Aty şäherinde Eýranyň resmileriniň ýadro programmasy barada dünýäniň iri döwletleriniň wekilleri bilen geçiren duşuşygy we Pakistanyň prezidentiniň Tährana eden sapary bilen bir wagtda Eýranyň halkara garnaşyklary boýunça wise-prezidenti Ali Saidlu Türkmenistana sapar etdi.

Saidlunyň bu sapary Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisini geçirmek bilen bagly boldy. Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Saidlu bilen duşuşyp, energiýa hyzmatdaşlygyny maslahat etdi. Eýran türkmen gazyny satyn alýan üç ýurduň biri.

Halkara sanksiýalary Eýranyň bank we maliýe edaralaryna zarba urdy we ýurduň esasy eksport serişdesi bolan nebit bilen bagly proýektlere potensial maýa goýujylaryň sanyny çürt-kesik azaltdy.

Şu hepde-de Eýran ýurduň özünde öndürilen ilkinji nebit daşaýjy tanker gämisini suwa goýberip, problemalardan çykalga tapmak ugrunda öňe tarap ädim ätdi.

Bu gäminiň göterijilik ukybynyň çen bilen 35 müň tonna deňdigi we nebit önümlerini daşamak üçin ulanyljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG