Sepleriň elýeterliligi

“Jähenneme giden özüne ýoldaş gözlär” diýip türkmen ýöne ýere aýtmandyr. Heniz diri mahaly millionlarça bigünäniň ganyna galan “halklaryň atasy” ölenden soňam güle basyrylan tabydyň gapdalyndan uly ses edip geçmekçi bolup, basga düşen milletiň müňlerçesini ýany bilen alyp gidipdi.

Men, elbetde, Soýuzlar Öýüniň Sütünli zalynda goluma gara mata daňyp, hormat garawulynda durmandym, çünki ýaňy ýedi ýaşymy dolduryp, sekize gidipdim. Pionerligem entek Hemedandan ýakyn däldi.

Balykdan doly äpet tor deňizden çykarylanda: “Bar, entejik bir salym ýüzüber, tora ilmäge her haçanama ýetişersiň” diýlip, yzyna zyňylýan çülpejeler ýaly bir zatdym.
Dogry eken. Herki zadyň – tora düşmegiňem, tory gyryp çykmagyňam öz wagty bolýan eken...

Elli üçünji ýylyň martynda men almaň sapagy ýaly kirlije boýnuma gyzyl galstuk hem dakynyp ýetişmändim. Pioner, komsomol hem partiýa atlandyrylýan üç sany burçdan ybarat şol gyzyl esgi welin biziň – hälki yzyna zyňylýan çülpeleriň elýetmez arzuwymyzdy.

Şeýlelikde, biziň özümizi alyp barşymyz tötenlikde hudaýyň ölenini eşiden kiçijek perişdelere çalym edýärdi.Ýaka ýyrtyp uwlaýan mugallymlaryň derdinden mekdebiň içinde-hä beýlede dursun, howlusynda durar ýaly däldi.

Tutuş mekdebi woleýbol meýdançasynda hatara düzen mekdep direktory agyr dabara bilen ýas mitingini açjak boldy. Başartmady. Gaýnap duran gursagyndan gözýaşdyr suwa garylan bir jümle çogup çykdy:
“Indi biz neňeňsi ýaşarys-e-e-eý?..”

Staliniň ölümi diňe bir onuň öz ömründe däl-de, eýsem, meniňem ykbalymda ullakan waka boldy, çünki ondan bäş ýyl ozal bolup geçen iki sany uly hadysadan men düýbünden bihabardym.

Olaryň birinjisi – parahat ukuda ýatan Aşgabat ilatynyn 90 prosentini kesek astynda galdyran 1948-iň aýylganç ýer titremesi. Bilmän galanymyň sebäbem – Börme obasynyň episentrden 200 km. çemesi uzaklykda ýerleşeni.

Ikinjji bir waka diýýänimem, 1948-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan, Ynsan hukuklarynyň ähliumumy deklarasiýasynyň kabul edilmegi.

Soň-soňlar – Brežnewiň eýýamy bolsun, Gorbaçýowyň zamanasy bolsun, Ýelsiniň döwri bolsun – her sapar hökümet ýeňsämden tutup, elimi gaňryp gözenegiň aňyrsyna dykanda, sada janym, şol Deklarasiýany galgadyp, adam hukulary barada dil ýaramda, Türkmenistanyň, soňky gezek bolsa Orsýetiňem ýörite gulluk işgärleri hezil edip gülşüpdiler: “Adam diýýeniň kim-ow? Hukuk diýýeniň näme? Iýilýän zatmy?”

Şeýlelikde, meniň aga-gara düşünip ugran ömrümiň başlanan wagty ähli sowet çagalarynyň, şeýle hem bedenterbiýeçileriniň, demirýolçularynyň, alymlarynyň, artistleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň “iň gowy dostunyň” ömrüniň gutaran wagtyna gabat geldi.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG