Sepleriň elýeterliligi

Yslamçy lidere ölüm jezasy berildi


Penşenbe güni Bangladeşiň iň uly yslamçy partiýasynyň lideri Delawar Hossaýin Saýedi uruş jenaýatçylygynda aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edildi.

Bangadeşiň sudy oppozision “Jemaat-i Islami” partiýasynyň wise-prezidenti Delawar Hossaýin Saýedini 1971-nji ýylda Bangladeşiň Pakistandan garaşsyzlygy ugrundaky uruşda bikanun adam öldürmekde, ogurlyklarda, jynsy zorluklarda, şeýle hem induizm dininiň wekillerini yslam dinini kabul etmäge mejbur etmekde günäli tapdy.

Bangladeşiň paýtagty Dakkada müňlerçe adam suduň bu hökümini uly şatlyk bilen garşy aldy. Ölüm jezasyna höküm edilen Delawar Hossaýin Saýediniň tarapdarlary bolsa muňa protest bildirip, gahar-gazaply demonstrasiýalara çykdylar.
XS
SM
MD
LG