Sepleriň elýeterliligi

Iki täjik raýaty sud edildi


Penşenbe güni Täjigistanyň sudy Daglyk-Badagşan oblastynyň howpsuzlyk gullugynyň başlygyny öldürenlikde aýyplanylýan Odil Aýombekowy we Hamza Murodowy uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

Hususan-da, oblast merkezi bolan Harog şäheriniň sudy Odil Aýombekowa 17 ýyl, Hamza Murodowa bolsa 16 ýyl türme tussaglygyny berdi. Sud olaryň ikisini-de geçen ýylyň tomsunda Daglyk-Badagşan oblastynyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Abdullo Nazarowy öldürmekde günäli tapdy.

Nazarowyň öldürilmeginiň yzy bilen Täjigistanyň hökümeti bu regiondaky oppozisiýanyň ýaragly wekillerine garşy harby operasiýalary ýola goýupdy.

Ýurduň häkimiýetleri şol operasiýalarda howpsuzlyk güýçlerinden 13 adamyň we ýaragla söweşijilerden hem 30 adamyň ölendigini yglan etdiler. Emma ýerli ýaşaýjylar bu wakalarda azyndan 70 töweregi adamyň ölendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG