Sepleriň elýeterliligi

Taksiçileriň 'çaparçylyk' hyzmatlary


Taksi ulaglary. Aşgabat.

Taksi ulaglary. Aşgabat.

Türkmenistanyň "Türkmenpoçta" edarasynda yglan edilen täzelik, hususy awtoulagy bilen Mary-Aşgabat aralygynda gatnaýan taksiçi Hemrany alada goýýar. Onuň aýtmagyna görä, eger bu reforma başa barsa, onuň özi ýaly käbir taksiçileriň girdejisine täsir ýetirmegi mümkin.

Gürrüň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine degişli "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň öz hyzmatlaryny giňeldip "çaparçylyk hyzmatyny" hödürläp başlandygy barada barýar. Bu bildirişiň yglan edilenine indi bir aý boldy.

"Türkmenpoçtanyň" hödürläp başlan we çaparçylyk hyzmaty diýlip atlandyrylýan bu proýekt dört sany aňlatmany ulanýar: gapydan – gapa çenli gowşurmak, wagtyna görä gowşurmak, bellenen wagtda gowşurmak we belli günde gowşurmak.

"Bu hyzmatlar bilen Hemra ýaly taksiçiniň nähili ilteşigi bar?" diýilmegi mümkin, emma beýleki taksiçiler bolmasa-da, Hemra öz girdejisiniň bir bölegini ýolagçylary daşamak bilen bir hatarda edil şu hyzmatlary hödürlemek arkaly gazanýar.

Tapawutlyklar

Onuň aýtmagyna görä, özüniň poçta hyzmatlary bilen meşgullanmagynyň sebäbi, "Türkmenpoçtanyň" hyzmatlarynyň juda haýallygy bilen bagly. Meselem, "Türkmenpoçtanyň" ýollanmasy bilen iberilen zat bir welaýatdan beýleki welaýata 36 sagatda gowşurylýan bolsa, Hemra bu hyzmaty 7-8 sagatda bitirýär.

Şeýle-de Hemra "Türkmenpoçtadan" tapawutlylykda, ýollanmalary onuň eýesinden alyp, iberilen adama öz eli bilen gowşurýar. "Türkmenpoçta" bilen deňeşdirilende taksiçi Hemranyň hödürleýän nyrhy hem göz-görtele arzan.

Hemra Mary-Aşgabat aralygyndaky ýollanmany 10 manada alyp gidýän bolsa, "Türkmenpoçta" bu hyzmaty üçin 20 manat talap edýär. Üstesine, adamlar öz ýollanmalaryny poçtahana öz eli bilen eltip bermeli bolýarlar; agramyna görä, ýollanmanyň bahasy has hem ýokary galyp bilýär.

"Türkmenpoçta" döwlet kompaniýasy bilen deňeşdirilende, hususy taksiçileriň bu ugurdan hödürleýän hyzmatlarynyň müşderiler üçin ýene bir amatly tarapy hem – olaryň gije-gündiz, hatda hepde soňunda hem müşderiniň hyzmatynda bolmagydyr.

"Türkmenpoçtanyň" öz çaparçylyk hyzmatlary barada ýakynda çap eden bildirişinden çen tutulsa, agzalýan kompaniýa duşenbe-anna günleri sagat 17.00-a çenli, sişenbe güni bolsa 13.00-a çenli işleýär. Emma häzirki täzeligiň netijesinde bu ýagdaýyň üýtgemegi mümkin. Ynha, Hemrany alada goýýan zat hem şu.

Bildirişde aýdylyşyna görä, "Änew-Aşgabat-Abadan aralagynda bir sany ýollama ugratmak üçin 10 manat, welaýat merkezlerine we Türkmenbaşy şäherine bolsa 20 manat tölemeli diýlip görkezilipdir. Emma bu gysga bildirişde ýollanmalaryň agramy barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Şeýle-de ýurduň daşyna iberilýän gyssagly ýollanmalar barada nähili täzeligiň boljagy hem aýdylmaýar. UPS, DHL , FeDEx ýaly halkara poçta kompaniýalary bolmadyk Türkmenistanda daşary ýurtlara gyssagly ýollanma ibermek häzirki döwürde uly problema bolup galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG