Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada Fransiýa-Orsýet gepleşikleri boldy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland (çepde), Moskwa, 28-fewral, 2013.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland (çepde), Moskwa, 28-fewral, 2013.
Moskwada Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň duşuşygy boldy.

Kreml penşenbe günki gepleşikleriň söwda we halkara gatnaşyklaryna gönükdirilendigini habar berdi.

Gepleşikleriň başynda Fransua Holland iki ýurduň halkara konfliktlerini çözmek ugrunda tagalla etmeginiň ähmiýetini nygtady.

Fransua Holland bu ugurda şeýle diýdi: “Meniň bu ýerde bolmagym biziň gatnaşyklarymyzyň ýokary hillidigini görkezýär. Biz bu gatnaşyklaryň iki milleti birikdirýändigini we ol [gatnaşyklaryň] taryhydygyny bilýäris. Berk gatnaşyklarymyz bar. Biziň, ýagny Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary bolan iki uly döwletiň halkara konfliktlerini çözmek we terrorçylyk ýaly howplaryň öňüni almak boýunça borjumyz bar”.

Özara gatnaşyklar

Şeýle-de ol Fransiýanyň Malidäki harby operasiýalary goldanlygy üçin Orsýete minnetdarlyk bildirdi.

Wladimir Putin ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine umyt baglaýandygyny aýtdy. Ol ýurtlaryň ikisiniň-de halkara krizisi sebäpli özara söwda gatnaşyklarynda dörän yzagaýdyşlygy togtatmak üçin 2012-nji ýylda ähli mümkinçilikleri ulanandyklaryny aýtdy.

Siriýa meselesi

Gepleşikleriň öňüsyrasynda Fransua Holland Putini Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assada basyş etmäge ündemekçidigini aýdypdy.

“Eho Moskwy” radiosyna beren interwýusynda Fransua Holland Ýakyn Gündogar ýurdy bolan Siriýada parahatçylygyň emele geljek wagtynyň kesgitlenmegi üçin Orsýetiň pozisiýasynyň iňňän wajypdygyny belledi. Holland bu meselede Putin bilen dil tapyşmaga taýýardygyny aýtdy.

Fransiýanyň we Orsýetiň prezidentleriniň duşuşygy onlarça ýurduň wekilleriniň Siriýanyň esasy oppozision topary bilen Rimde geçirýän maslahatyna gabat geldi.
BMG-niň maglumatyna görä, Siriýada iki ýyl bäri dowam edýän konflikt zerarly 70 müň adam heläk boldy.

Hukuk temasy

Öz interwýusynda Holland Putin bilen gepleşiklerinde hukuk meselesini-de gozgamakçydygyny aýdypdy. Emma ol şol bir wagtda-da “prowokatiw usulda çemeleşmejegini” belläpdi.

Fransiýanyň prezidentiniň Moskwa saparynyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch”guramasy Hollandy Wladimir Putine basyş etmäge çagyrypdy.

Hollandyň Moskwa eden bu sapary onuň, geçen ýylyň maý aýynda prezident saýlanansoň, Orsýete ilkinji resmi wizitidir.
XS
SM
MD
LG