Sepleriň elýeterliligi

Minsk Bakyýew barada karara geler


Anna güni Belarusyň Baş prokuraturasy Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň bu ýurtdan ekstradisiýa edilmegi barada Bişkekden ýene gaýtadan haýyşyň gelendigini mälim etdi.

Belarusyň Baş prokuraturasynyň metbugat sekretary Gyrgyzystanyň häkimiýetleriniň bu baradaky haýyşy boýunça geljek bir aýyň dowamynda anyk bir karara gelinjekdigini aýtdy.

Geçen aý Bişkegiň sudy ýurduň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewe gaýybana ýagdaýda 24 ýyl türme tussaglygyny bermek barada höküm çykardy. Sud onuň inisi Janyş Bakyýewe ömürlik türme tussaglygyny bermekligi karar etdi.

Bakyýewleriň ikisem 2009-njy ýylda adam ölümlerine getiren wakalar boýunça günäli tapyldy.

Suduň höküminiň güýje girmegi bilen, Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy häzirki wagt Belarusda ýaşaýar diýlip hasaplanylýan Kurmanbek Bakyýewiň we Janyş Bakyýewiň Gyrgyzystana ekstradisiýa edilmeklerini sorap, ýene nobatdaky gezek Belarusyň häkimiýetlerine ýüz tutupdyr.
XS
SM
MD
LG