Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Töhmet atylan özbek adalat isleýär


Aklawçy Sergeý Mýasoýedow Tillaýewyň syýasatyň pidasy bolandygyny aýdýar.
Aklawçy Sergeý Mýasoýedow Tillaýewyň syýasatyň pidasy bolandygyny aýdýar.
Ors mediasy üçin bir gynançly, ýüregiňi gyýym-gyýym edýän waka bolup geçdi.

2012-nji ýylyň ýanwar aýynda bir gije Kaliningradda 92 ýaşly uruş weterany Nikolaý Melnikowyň öýüne girilýär. Ol urlup-ýenjilip, köp zatlary ogurlanyp, alnyp gidilýär.

Medianyň üns merkezinde duran ýerli polisiýa derrew herekete geçip, Özbegistanyň Samarkant şäherinden bolan 31 ýaşly köçe süpüriji Ýorgin Tillaýewi tutýar.

Tillaýew tutulanyndan birnäçe gün soň onuň maşgala agzalary, günäsini geçmegini haýyş edip, ors telewideniýesi arkaly Melnikowa ýalbarýarlar.

Bu wakadan bir ýyl soň ähli zat bütinleý üýtgeýär. Jenaýat edenligine ýeterlik subutnama tapylman, Tillaýew türmeden boşadylýar. Onuň maşgalasy hem telewideniýe işgärleriniň özlerini aldandyklaryny aýdýarlar.

Migrantlaryň Orsýetdäki ýagdaýy

Bu ýagdaý migrantlaryň Orsýetde nähili saklanýandygyna ýene bir gezek adamlaryň ünsüni çekdi.

Bolan waka barada köp zatlar entek aýdyň däl. Polisiýanyň aýtmagyna görä, Melnikowyň dokumentleri we bir sagady Tillaýewiň ýanyndan tapylypdyr. Ýöne Tillaýew bu zatlaryň öz ýanyna nädip düşendigini bilmeýändigini aýdýar.

Tillaýew Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna özüniň nähilelik bilen tutulandygyny şeýle suratlandyrdy: "Öýden çykamda, graždan eşikli bir adam menden dokumetlerimi görkezmegimi sorady. Onsoň yzyna düşürip, meni alyp gitdi. Men orsça gowy bilmeýändigimi aýtdym. Ýöne ol meni bir jaýa eltdi. Ol ýerde egni formaly iki adam bilen bir goja bardy. Ol adamlar ýaňky gojadan 'şu adamy düýn gördüňmi?' diýip soradylar. Garry adam görüp-görmändigini açyk bilmän 'şoňa-ha meňzeýär' diýdi. Polisiýa işgäri soňra meniň aýkgabyma seredip, 'bu däl' diýdi".

2008-nji ýylda Orsýete gelen ozalky çopan polisiýanyň özüni Melnikowyň ýanyna 3 gezek eltendigini, iň soňunda hem Melnikowyň özüni jenaýatkär diýip tassyklandygyny aýdýar.

Sudda işine garalmazdan öň Tillaýew alty aýlap türmede oturypdyr. Iň soňunda hem 2012-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Kaliningradyň bir sudy, ýeterlik subutnama ýokdugy üçin, ony boşatmaly edipdir.

Jemgyýetçilik pikiri

Tillaýewyň aklawçysy Sergeý Mýasoýedow onuň jemgyýetçilik pikiriniň we syýasatyň pidasy bolandygyny aýdýar. Aklawçy öz müşderisi bilen gürleşenden soň ony mugt goramagy ýüregine düwüpdir.

"Men subutnamalaryň galplaşdyrylandygyna göz ýetirdim. Bildirilýän aýyplamalaryň hiç birini ne logika bilen düşündirip bolýardy, ne-de sagdyn düşünje bilen" diýip, Mýasoýedow aýdýar.
Orsýet, özbek migranty Maloletkiniň özüni asan kamerasy. 2012 ý.
Orsýet, özbek migranty Maloletkiniň özüni asan kamerasy. 2012 ý.

Öňki Sowet Soýuzynyň Orta Aziýa respublikalaryndan gelip, Orsýetde işleýän migrant işçileriň sany 10-12 million bardyr diýip çaklanýar. Jynsparazçylykly hüjümler sebäpli ýylda onlarça migrant öldürilýär.

Tillaýewiň aklawçysy indi ünsüni 2012-nji ýylyň fewral aýynda bu wakanyň käbir bölegini köpçülige ýaýan telewizion programma garşy gönükdirýär.

Andreý Malahowyň alyp barýan we döwlet eýeçiligindäki 1-nji kanaldan berilýän "Goý, gürlesinler" atly programma tutuş Orsýetde giňişleýin tomaşa edilýän programmalaryň biri. Tillaýewiň aýaly bilen onuň aýal dogany öten fewralda şu gepleşikde dyza çöküp, aglap, Melnikowdan ötünç soradylar.

Olar muny telewideniýe işgärleri tarapyndan özlerine şeýle etseňiz, Tillaýew boşadylar diýleni üçin edendiklerini aýdýarlar.

Migrant işçileriň hukuklary ugrunda göreşýän "Özbegistan" atly hökümete degişli dal guramanyň başlygy Temur Muhammedow "Goý, gürlesinler" programmasynyň özbek migrantlarynyň abraýyny garalandygyna ynanýar. Ol bu meselede öz pikirini şeýle beýan edýär: "Biz bu programma barada arza ýazmakçy. Olar ötünç soramaly. Onuň bigünä bolmagy mümkin diýip, asla oýlanylmandyr. Näme üçin olar dyza çökerildi?".
XS
SM
MD
LG