Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri sionizm meselesini gozgamakçy


Anna güni Birleşen Ştatlaryň bir hökümet resmisi Türkiýä sapara barýan Döwlet sekretary Jon Kerriniň Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdoganyň sionizm barada eden çykyşy barada öz aladasyny mälim etjekdigini aýtdy.

Öz adynyň tutulmagyny islemedik amerikan delegasiýasynyň agzasy ýakynda premýer-ministr Rejep Taýýyp Erdoganyň sionizmi “adamzada garşy jenaýat” hökmünde häsiýetlendirmegini “aýratyn kemsidiji” garaýyş diýip atlandyrdy.

Rejep Taýýyp Erdogan şu hepdäniň çarşenbe güni BMG-niň Wenada gurnan konferensiýasynda eden çykyşynda “yslam dinine garşy duşmançylyga edil sionizm, anti-semitizm we faşizm ýaly bir adamzada garşy jenaýat hökmünde garalmalydyr” diýip belledi.

Onuň sionizm baradaky bu belligini Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu “garaňky we ikiýüzli” garaýyş diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG