Sepleriň elýeterliligi

Karzaý täze görkezme berdi


Penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý raýatlaryň şikaýatlaryna jogap edip, bu ýurtdaky amerikan güýçleri bilen baglanyşygy bolan ähli ýaragly toparlara gözegçilikleri ýola goýmaklyga görkezme berdi.

Prezident Karzaý ýörite döredilen hökümet delegasiýasyna Owganystanyň öz hökümet güýçlerinden beýleki daşary ýurt güýçleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ähli toparlary anyklamaklygy tabşyrdy.

Hamid Karzaýyň bu baradaky permanynda Owganystandaky koalision güýçlere özleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ähli ýaragly toparlaryň kontrollygyny Owganystanyň hökümetine tabşyrmaklyk üçin üç aý möhletiň berilýändigi aýdylýar.

Prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Aýmal Faýzi prezidentiň bu görkezmeleriniň amerikan ýörite güýçleri, merkezi razwedka gullugy hem-de beýleki daşary ýurt güýçleri tarapyndan döredilen owgan ýaragly toparlaryna degişlidigini aýtdy.

Soňky wagtlar Owganystandaky şeýle ýaragly toparlaryň ilatly ýerlerde amala aşyrýan eden-etdilikleri barada şikaýatlaryň kem-kem artýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG