Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŽGK: 'Türkmenistanyň media kanuny diňe göz üçin'


Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň internet sahypasyndan bir görnüş
Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň internet sahypasyndan bir görnüş
Şu ýylyň başynda Turkmеnistanda köpçuliklеýin habar sеrişdеlеri barada täzе kanunyň kabul edilmеgini türkmеn häkimiýetlеri uly bir ädim hökmündе häsiýetlеndirdilеr.

Emma mеtbugat azatlygy boýunça iş alyp barýan käbir guramalar häkimiýetlеriň bu garaýşy bilеn kän bir ylalaşmaýarlar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerlеşýän žurnalistlеriň hukugyny goraýjy Komitеt penşenbe güni bu barada çap eden maglumatynda Turkmеnistanyň bu kanunyna diňе kagyz ýüzündäki bir propoganda hökmündе baha bеripdir.

Azatlyk Radiosy şu bеýanat bilеn baglanyşykly bu Komitеtiň analitigi Muzaffar Sulеýmanow bilеn söhbеtdеş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň edaraňyz tarapyndan ýakynda ýaýradylan maglumatda Türkmenistanda kabul edilen Media kanunynyň diňe göz üçin kabul edilendigi aýdylýar. Näme üçin beýle pikir edýäňiz?

Muzaffar Suleýmanow: Bu kanun diňe kagyz ýüzünde galjak dokument, ol iş ýüzünde durmuşa geçirilmez. Käbir habar serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, şol wakadan soň prezident gazet-žurnallaryň howandary wezipesinden çekilip, bu orna Ministrler Kabinetiniň agzalaryny belläpdir.

[Bu beýanaty ýazan] kärdeşim şol fakta salgylanypdy. Bu ýerdäki kinaýa, ýagny bellemeli zat Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol Ministrler Kabinetiniň başlygy bolmagydyr.

Hawa, gazetleriň howandarynyň ady çalşyryldy, emma, oňa garamazdan, [türkmen hökümeti] habar serişdelerine gözegçiligi öz elinde saklaýar.

Azatlyk Radiosy: Bilşiňiz ýaly, ýakynda aktiwistler Amangylyjow we Hajyýew azat edildiler. Bu habary göz öňünde tutup, gelejekde gowy özgerişliklere umyt bar diýip bolarmy?

Muzaffar Suleýmanow: Biz bu habary gowy garşy aldyk. Men olaryň boşadylandygy baradaky maglumaty gördüm. Ýöne bu ýerde bir problema bar, birinjiden, olar tussag edilmeli däldiler, sebäbi hiç hili jenaýat işini etmediler.

Ikinjiden bolsa, olar günägeçişlik, ýagny amnistiýa boýunça däl-de, jezasynyň möhleti dolandygy üçin azat edildiler. Men bu habary mediadaky maglumatlarda gördüm, eger ýalňyşýan bolsam, düzedäýiň.

Umyt hemişe bar, emma biz resmileriň öz aýdýan zatlaryny iş ýüzünde ýerine ýetirmegine garaşýarys. Bu umyt şu çaka çenli başa barman gelýär. Biz täze kanuny oňyn garşyladyk we onda ýazylan düzgünleri hem dogry diýip hasaplaýarys.

Emma resmileriň bizde bu düzgün bar diýmeginiň deregine ony işletmegini we oňa boýun bolmagyny isleýäris. Resmiler media baradaky kanunyň ähli maddalaryny berjaý edýändiklerini iş ýüzünde görkezmeli.

Azatlyk Radiosy: Agzalýan kanunyň güýje girizilmegi üçin ilkinji orunda nähili ädimler ädilmeli diýip pikir edýärsiňiz?

Muzaffar Suleýmanow: Ilki bilen olar daşary ýurt žurnalistleriniň ýurda girip bilmegine päsgelçilik döretmeli däl we ýerli habarçylaryň azar berilmekden ýa-da ar alynmakdan gorkman işlemegine ýol bermeli.

Şeýle hem olar garaşsyz gazetleriň we habar serişdeleriniň hasaba alynmagyna rugsat bermeli. Ondan başga-da hökümet özüniň tankyda çydamlylyk etjekdigini görkezmeli. Olar kanuny okap, onuň berjaý edilýändigine göz ýetirmeli.

Azatlyk Radiosy: Siziň edaraňyz ýa-da siziň ýaly beýleki edaralar türkmen hökümetine erkin mediany döretmekde nähilidir bir kömek edip, maslahat bermäge synanyşýarmy?

Muzaffar Suleýmanow: Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlar bilen işleşmek kyn. Haçan-da biz ýa-da media azatlygy, adam hukuklary boýunça iş alyp barýan beýleki guramalar şol ýurtlaryň ýolbaşçylaryna hat ýazanda, olar jogap bermeýärler.


Biz hatlarymyzyň olara gowşandygyny bilýäris. Emma olardan hiç hili jogap gelmeýär. Olar aragatnaşyk gurmaýarlar, gürrüňdeşlik geçirmäge synanyşmaýarlar. Bu uly problema.

Eger türkmen resmileri täze media kanunynda ýazylan zatlary hakykatdan hem iş ýüzünde amala aşyrmak isleýän bolsalar, onda olar adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler bilen gürrüň etmeli.

Ondan başga-da, eger olar ýurtda erkin medianyň döremegini isleýän bolsalar, onda ilkinji ädim hökmünde türkmen türmesinde ýogalan žurnalist Ogulsapar Myradowanyň näme üçin türmä höküm edilendigini, şeýle hem onuň ölüminiň sebäpleri babatda derňew geçirmeli.

Şeýle hem olar derňewleriň netijelerini halk köpçüligine elýeterli etmeli. Olar bu derňew işini azat mediany döretmekde ilkinji ädim hökmünde geçirip bilerler.
XS
SM
MD
LG